38 Belgili aýakgap

Undulara dözülmeýän kä bir ýatlamalarym ýaly näme üçindir 44 belgili aýakgap geýýänligime garamazdan men bu 38 belgili aýakgabymy şindi hem saklap ýörkäm? Ýogsa düýe bakmana gidende ogluma geýdireýin diýemde-dä bu aýakgabyň oglumyň aýagyny çöp-çalamdan gorara mejaly galmandyr.

Uzak gyş gijeleriniň käte harasat gopdurmagy bilen şu günler biziň elektrik çyramyzyň öçüp durmasy ýygjamlaşdy. Şem ýakyp oňňut edäýjek bolduk welin şemem näme otlyçöpi söndürmänkäň gutaraýýar. Çykdajylary hasaplamana baş hasapçydanam ökde aýalymyň sabyr käsesiniň dolmagy şu gün meni nebit çyrasyny almak üçin üçege çykmana mejbur etdi. Nebit çüýşäni elime alanymda onuň aňrysynda ýatan aýakgaba gözüm düşdi-de oglumyň kindiwanja aýaklary gözöňüme geldi. Elbetde adatdan daşary ýagdaýyň döremegi çyraçüýşe salnan horjuna birazyrak agram salmaly boldy. Men horjuny aşak salladym.Ýüzi hazyna tapanyň ýüzüne dönen aýalym horjundan çyraçüýşesini çykaryp onuň çaňyny süpürmäne başlady. Men horjuny aldymda özümiň hiç kime belli bolmadyk aýakgap bejerilýän ussahanama ugradym. Horjundan aýakgaby çykaranymda bolsa onuň öz aýakgabymdygyny bilip galdym.

Howa bu aýakgap meniň şu gün pensiýa berilýänini eşidip pensiýasyny almana giden kakamyň pälwanlyk eden ýyllaryny ýatlatdy.

Ýadymda:

Ol ýyl gyşyň gazaply gelmegi meniň ýuka aýakgabymdan käte öz sowugyny, käte eplem-büklem köçeleriň oýuk ýerlerinde üýşüp duran suwlaryny geçirýärdi. Kakamyň pälwanlyk edip gazanýan gazanjy eklenjimizi ortaça ýagdaýda aýlamana ýetýärdi, ýöne men öz aýakgabymyň ýukadygyny aýdyp bilmeýärdim. Sebäbi kakamyň oňa harçlara artykmaç puly ýokdy. Uzgam geçip duran sowugyň täsiri bilen bir gün men syrkawlamaly boldum.Ýok bir günem däl birnäçe gün syrkawlygyň azaryny çekmeli boldum. Gündizlerine ýorganyň içinde üşüdip ýatsam, gijelerine samyrdap gyzdyryp oýanardym. Bir hepdeläp dowam eden syrkawlygymyň ýedilenji güni irden men ejemiň öz gülýakasyny kakama uzadyp duranyny gördüm ol asyl gülýakasyny kakama satmak üçin uzadyp duran eken: ”Men bu gülýakamy barybir dakynamogam, ony sataly kakasy, “Gerek deregi ýykar” diýipdirler. Oglumyza aýakgap alyp bermesek onuň beýle syrkawlan ýeri köp bolar. Bu ýyl gyş gazaply geljege meňzeýär .Heniz onuň başlanyna on gün hem bolanok”.

Kakam ejemiň gülýakaly elini yzyna öwürdi-de, gülýakany satmakdan boýun gaçyrdy. Ol hany bir alajyny taparysla keýwany diýip öýden çykyp gitdi.

Agşamaralar kakam öýe dolanyp gelende ýüzi salykdy. Ol özüniň gussasyny ejemden ýaşyrmagy başarýardy. Bu gezek hem şeýle boldy.

“Keýwany ertir Berkeli baý ogluny öýerýärmişin. Göreşe çagyrdylar göreş edýärmişin”

Ejem bu sözlere gaty bir ünsem bermedi.

“Oglumyzyň gyzgyny gaýdyşdy, ol gün göreşden getiren goýunyň guýruk ýagy bilen arkasyny owkaladym çagamyň damarlary galyp pert-pert bolupdyr, ol ýaňyja uklady”

(Bagyşla eje gözleriňdäki şatlygyň aňrysyndaky gussany görüp şol gezek ýatmanymy).

Ertesi kakam Berkeli baýlaryň toýuna öz göreş geýimini geýip gitdi.

Aradan birnäçe gün geçenden soň men hassalykdan sagalyp, täze aýakgabymy geýip okuwa bardym. Deň-duşlarym maňa kakaň Berkeli baýlaryň toýundaky göreşde Mämmet pälwandan ýykyldy diýdiler. Men kakamyň ýeňilmegi bilen pälwan adyny ýitirendir öýtdim. Öýe gelenimde bolsa utanjymdan kakamyň ýüzüne seredesim gelmeýärdi. Hat-da birnäçe gün onuň gözlerine öz öýkeli nazarym bilen seretdim.

Bagyşla meni kakamjan!

Ýok-ýok meň kakam Mämmet pälwandan ýykylmady. Ol agşamky ejemiň gussasyndan, düşekdäki ýatan hassasyndan ýykyldy. Howa meň kakamy hiç kim ýykyp bilmez. Meň kakam ýeňiş gazandy. Men pälwanyň ogly ahyryn.

Ýok kakam ýykylmady ýykylan bolsa ol Mämmet pälwany goýun bilen sylaglanlarynda, özüniň aýakgap sylagyna mynasyp bolan wagty 38 belgili aýakgaby däl-de, özi üçin 43 belgili aýakgaby saýlardy.

Kakamjan men seni şeýlebir söýýän! Mämmet pälwan ýaly pälwanlardan ýykylsamam Siz ýaly kaka bolmagy arzuw edýän. Ogluňy şunça ýyllaryň sowugyndan gorap gelen 38 belgili aýakgap, bu gün seniň çyn pälwanlygyňy ykrar etdi.

Sen öz pälwanlygyň bilen 38 belgili aýakgaby diňe bir ogluň üçin däl-de, eýsem agtygyň üçinem gazanypsyň.

Birazrak ýama salynan 38 belgili aýakgap agtygyň aýagyna-da gelişmän durmady kaka!

Pensiýasyny alyp gelen gojanyň elindäki agtygyna niýetläp alan aýakgabyna gözüm düşende ony gujaklaman durup bilmedim.

Sen hakyky pälwan ekeniň kaka!

Tirkişmyrat Nurýagdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

Ýene-de okaň

Opportunity for Turkmen students to study in Italy on scholarships

Beyond the Landmarks: Discover İstanbul’s Hidden Heritage in Yedikule and Samatya

Tourism demand to Türkiye remains to be at top

Ata Watan Eserleri

Turkmen-Language Version of “ASAN Visa” Portal Launched

Afghanistan’s Minister of Mines and Petroleum Meets with Turkmenistan Representatives on TAPI Project

Turkmenistan participated training on remuneration for the Europe and CIS region

Turkmenistan and Türkiye discuss cooperation on a migration

Meeting between the Consul General of Turkmenistan with the Governor of Istanbul

Ambassador of Turkmenistan participated in the Inauguration Ceremony of the President of the Portuguese Republic

Meeting with Charles Michel, Minister of State of Belgium, at the Turkmenistan Embassy

The Embassy of the Republic of Iraq has started functioning Ashgabat

Türkmenistan ile Azerbaycan Dışişleri Bakanları Ortadoğu’daki konuları görüştü

A telephone conversation of Foreign Ministers of Turkmenistan and Azerbaijan

“Makul Dictionary” Added to Stanford University Library Catalog

The State Flag of Turkmenistan and the Logo of the Arkadag Football Club Raised on the Highest Peak of Türkiye

The checkpoints on the Turkmen–Iranian border continue to operate normally

Turkmen equestrian art triumphantly presented in Baku

Turkmenistan has accepted more than 200 citizens from 16 countries evacuating from Iran.

Türkiye welcomes its 29th Slow City as Cappadocia’s Ortahisar joins the Cittaslow network