BILIM

Ýaş oglanlar üçin harby gullugyň möhleti bir gezeklik yza süýşüriler

14-nji iýunda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi.

Onuň barşynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynyň 13-nji bendinden soň 14-nji bendi goşmak, ýagny ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, orta mekdebi tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek meselesiniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

 

Ýaş hünärmenleriň girdeji salgydy ýeňilleşdiriler

Related posts

Türkmenistanda pars dili boýunça Olimpiadany geçirmek teklip edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 190-sy hereket edýär

Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri Türkmenistanyň ýaşlary üçin gapylaryny açýar