DÜNÝÄ

Wideo aragatnaşyk arkaly türkmen-ukrain syýasy geňeşmeler geçirildi

2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary syýasat edralarynyň arasynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideo aragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar türkmen-ukrain gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlarynyň üstünde jikme-jik durup geçdiler. Mundan başga-da, diplomatlar ozal gol çekilen döwletara şertnamalarynyň we ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine syn berdiler.

Geňeşmeleriň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, özarabähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Related posts

Mirziýoýew ilçiler üçin täze wezipeler kesgitledi: eksport, syýahatçylyk we kanuny zähmet migrasiýasy

Nadir Alparslan: Türkiýe we Türkmenistan Ýüpek ýoluny dikeldýärler

Ata Watan Eserleri

“Russiýa-Merkezi Aziýa” formatyndaky ikinji sammite taýýarlyk görülýär