DÜNÝÄ

Wengriýanyň ilkinji zenan prezidenti

Wengriýanyň Mejlisi maşgala işleri, ýaşlar we halkara gatnaşyklar ministrini Katalin Nowagy ýurduň täze prezidenti wezipesine saýlady. Katalin Nowak ýokary döwlet wezipesine saýlanan ilkinji zenan boldy.

Wengriýanyň milli geňeşiniň (parlamenti) deputatlarynyň 137-si Katalin nowak üçin ses berdi. Parlamentde 199 deputat bar. Mejlisde ses berişlik ýurduň “M1” teleýaýlymynda göni ýaýlymda alnyp berildi.

44 ýaşyndaky Nowagyň saýlawda bäsdeşi 80 ýaşyndaky ykdysadyýetçi Peter Rona boldy.

Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Milli geňeş tarapyndan 5 ýyl möhlet bilen saýlanýar. 2012-nji ýyldan bäri, ýurduň Prezidenti wezipesini Ýanoş Ader amala aşyrdy. Ol iki möhlete saýlandy.

Günorta Koreýanyň täze Prezidenti – Ýun Sok Ýol boldy

Related posts

Meredow bilen Lawrow Türkmenistanyň SPIEF-e gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar

Bolliwudyň iň gymmat üç filmi

vepa

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny» atly forumyna gatnaşdy