JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Wladimir Putine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Mahaçkala şäherindäki awtomobillere ýangyç guýujy beketde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Mahaçkala şäherindäki awtomobillere ýangyç guýujy beketde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Related posts

Türkmenistan 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrmagy teklip edýär

“Radio Garden” bilen türkmen radioýaýlymlaryny diňlemek mümkinçiligi

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment