JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilýän mejlisine gatnaşmak üçin iki günlük iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Bu barada Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu netijeli strategiýada abraýly halkara we sebit guramalaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Moskwa çenli uçuşy amala aşyryp, “Wnukowo-2” howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow howa menzilinden sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhanasyna tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň 8-nji oktýabrda boljak nobatdaky mejlisine gatnaşmagy ýurdumyzyň Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly dialoga ygrarlydygynyň, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Related posts

Täze “super” ak reňk tapyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy