JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň saýlanylan Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan, özara düşünişmek, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly halklarymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Sanae Takaitä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we maksatlarynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Related posts

Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesi – Türkmen alabaýynyň baýramy

Ata Watan Eserleri

Putin’den Türkmenistan’daki Asya Oyunları’na övgü

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýylyň daşary işler ministrini kabul etdi

Ata Watan Eserleri