SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenabatda daşary ýurt uçarlary tehniki gonuşlary amala aşyrýarlar

Awgust aýynyň birinji ýarymynda Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ikisiniň uçarlary tehniki gonuşy amala aşyrdylar. Bu barada menziliň resmi saýty habar berýär.

Has takygy, menzil resmi saýtynda 3-nji awgust güni Türkiýäniň «MNG airlines», 8-nji awgustda bolsa Gyrgyzystanyň «AeroStan airlines» awiakompaniýalarynyň tehniki gonuşy amala aşyrandygyny habar berdi.

Menzilde daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlaryna ýokary derejede tehniki hyzmatlar edilýär.

Related posts

Otly gatnawlarda täze möhlet

Dr.Döwran Orazgylyjov

Ähli karantina talaplaryny ýatyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede örtük dakynmak zerurlygy ýatyryldy

Leave a Comment