GENEL

Robotyň dirižýorlygynda konsert

Birleşen Arap Emirliklerinde robotyň dirižýorlyk etmeginde geçirilen konsert maksatnamasy tehnologiýada ýetilen sepgidiň subutnamasy boldy. Kem-kemden gündelik durmuşa ornaşýan tehnologiýanyň mundan soňra ýetjek derejesini göz öňüne getirmek hem kyn bolsa gerek.

BAE-niň Şarja şäherindäki sungat akademiýasynda robotyň ýolbaşçylygynda aýdym-saz konserti guraldy. Orkestriň öňbaşysy bolan robotyň dolandyrylyş ulgamy uly gyzyklanma döretdi.

Tomaşaçylar konsertden lezzet alandygyny mälim edip, dünýäniň çalt depginde özgerýändigini, robotlaryň dirižýorlyk edip başlandyklaryny mälim etdiler.

BAE-niň ululygy boýunça üçünji orunda durýan Şarja emirligi söwdada we syýahatçylykda Dubaý bilen bäsleşýär.

Related posts

AB, Orta Asya ile uzun vadeli işbirliğine kararlıdır

Türkmenistan ile Güney Kore yeni işbirliği anlaşmaları imzaladı

vepa

Bakanlar Kurulu toplantısı: pandemi döneminde özel sektöre 10 milyonluk destek