GENEL

CNET-e görä, ýylyň smartfony…

Kompýuter tehnologiýalary äleminde uly meşhurlyk gazanan CNET portaly 2019-njy ýyldaky iň gowy smartfonlaryň sanawyny düzdi. Portalyň tassyklamagyna görä, geçen ýylyň iň gowy iOS smartfony «iPhone 11-dir».

«Android» operasion ulgamynda işleýän smartfonlaryň arasynda bolsa birinji orny «Samsung» kompaniýasynyň «Galaxy Note 10 Plus» smartfony eýeleýär. Amatly baha we tehniki görkezijiler babatynda «OnePlus 7 Pro» smartfony sanawyň birinji basgançagynda ýerleşdi.

Beýleki portallaryň düzýän sanawlaryndan tapawutlylykda CNET-iň sanawy köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Portal dürli ugurlar boýunça «Samsung Galaxy S10E», «Motorola Moto G7» samrtfonlaryny hem çür depede goýdy.

Related posts

Türkmenistan ile Afganistan Dışişleri Bakanları online görüştü

Türkmenistan ile BM arasında yeni anlaşmalar imzalandı

vepa

Türkmenistan’dan Fransa’ya taziye

vepa