DÜNÝÄ

Özbek Lideri Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Samarkant şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitine gatnaşmak üçin gelen Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen hem-de Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koşta bilen duşuşdy.

Duşuşykda Özbegistan-Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak meseleleri, esasanam söwda, ykdysady we maýa goýum ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özbegistan bilen ÝB ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy okgunly ösýär. Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen maýa goýum taslamalarynyň möçberi 30 milliard ýewrodan geçýär. Daşkende Ýewropa maýa goýum bankynyň sebit wekilhanasy açylýar.

Related posts

“Taliban” hereketi BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etmekçi

Ählumumy ýaşyl ösüş instituty Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär

Prezident Tramp käbir ýurtlaryň raýatlaryna wiza çäklendirmesi girizýän Karara gol çekdi

Ata Watan Eserleri