DÜNÝÄ

Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Wengriýada saparda bolarlar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew şu ýylyň 19-20-nji awgustynda, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bolsa, 20-nji awgustda Wengriýada sapar bolar. Bu barada iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň metbugat gulluklary habar berýär.

Özbegistanyň Prezidenti hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bu saparyň çäklerinde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen gepleşikler geçirerler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle hem döwlet Baştutanlary Wengriýanyň baş döwlet baýramy – mukaddes Iştwanyň gününiň çäreleriniň hormatly myhmany bolup, Budapeşt şäherinde geçirilýän ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň erkekleriň arasyndaky final ýaryşlaryna tomaşa ederler.

Related posts

Haj ybadaty üçin daşary ýurtdan zyýaratçy kabul edilmeýär

Ýaponiýanyň ministriniň Türkmenistana sapary

Putin: Russiýany ykdysadyýetde Ýewropada 1-nji orunda goýýarlar