SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Flydubai” Aşgabat ugurly gatnawlaryny artdyrýar

BAE-niň “Flydubai” awiakompaniýasy Dubaý-Aşgabat ugry boýunça ýolagy uçar gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrýar. “Türkmenportal” neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýanyň uçuş rejesine 17-nji aprelden ýene-de bir gatnaw goşuldy. Mundan beýläk, kompaniýa duşenbe, çarşenbe we anna günleri gatnawlaryny ýerine ýetirip başlady.

Maý aýyndan bolsa, Türkmenistanyň paýtagtyna ýolagçy gatnawlaryň sany 4-e çykarylar. Ol hem duşenbe, çarşenbe we anna günlerine şenbe güni hem goşulýar.

Awiapetekleri kompaniýanyň resmi saýtyndan satyn almak bolar. Aşgabat-Dubaý arasyndaky uçar gatnawyň wagty 2 sagat 30 minut.

Mälim bolşy ýaly, BAE-niň “Flydubai” awiakompaniýasy Dubaý-Aşgabat ugry boýunça ýolagy uçar gatnawlary 2023-nji ýylyň ýanwarynda täzeden ýola goýupdy.

Related posts

Sanjym etdirene pul berler

Türkmenistandan Russiýa 36-njy ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkiýe wizasy üçin goşmaça resminama talap ediler

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment