Üstünlik gazanmagyň ýollary

Adam bagtly bolmak we üstünlik gazanmak üçin dünýä inýär. Üstünlik gazanmak biziň üçin, edil dem almak ýaly zerur zatlaryň biridir.

Üstünlik gazanmak üçin adam diňe  arzuw etmek ýeterlik däldir,  eden arzuwyňy hasyl etmek üçin birnäçe külpetli ýollardan hem geçmeli. “Herekete-bereket” diýlişi ýaly, üstünlige ýetmek üçin näçe köp zähmet çekseň,  seniň islegleriň şonça-da tiz hasyl bolar. Ýöne seniň öz arzuwlaryň hasyl boljakdygyna ynanmagyň gerek. Aslynda-da, durmuşda haýsydyr bir işiň başyna barsaňam, ilki bilen edýän işiň ugruna boljakdygyna, öz- özüňi ynandyrmagyň gerek.

Durmuşda  ýokary göterilmek we üstünlik gazanmak hiç bir adam üçin bolmajak zat däldir. Üstünlige ýetmek- maňlaý deriňi döküp, öňde goýan maksadyňa ýetmek üçin jana ýaman zähmet çekmekdir.  Wagt, sabyr, erjellik bar ýerinde üstünlik hem bardyr. Hakyky üstünlik bu- bizi öňküden hem has beýik derejelere, has kämilleşmäge iterýän güýçdir. Üstün bolmak üçin kimdir birine artykmaç ukyp, artykmaç mümkinçilik berlen däldir. Ol hemme kişiniň başarjak, hötde geljek zadydyr. Ýöne, onuň birnäçe şertleri  hem bar. Bahasyny tölemeseň, ony awlap, kapasaňa salyp bilmersiň. Üstünligiň bahasy hem- maňlaý deriňi döküp, zähmet çekmek we işiňe berilmekdir. Hemme zatda üstünlige ýetmek her  kime berlen paý däl. Emma üstünlik diňe özüňi kämilleşdirmek we aýgytlylyk bilen gelýändir.

Üstünlige çykmagyň birinji basgançagy öňüňde belli bir maksat goýmaly. Üstünlige eýe bolmak- aňyňyza şol üstünlige ýetmek üçin goýan maksatlaryňyzdyr.  Öňüňde maksadyň anyk bolsa, ýöremeli ýoluň, barmaly ýeriň, ýetmeli menziliň kesgitli bolsa, hem-de şol ýolda uly gaýrata bürenmek isleýän bolsaň, ilkinji ädimleriňe uly üns ber we uly güýç sarp etmelisiň. Ilkinji ädimleriňe sarp edilen yhlas bize goşa- goşa gaýrat eçilýär. Gursagymyza uly ynam guýýar. Kalbymyza umyt çaýýar. Bizi ahyrky maksadyň gyzyklandyrýandygyna garamazdan, ilkinji ädimlerimize kembaha garamaly däldiris. Her ädimi aňymyzda berlen pikirler toplanan tejribeler bilen ýene-de berkidip, ösdürip, öňe ynamly ätlemek gerek. Maksadyňa tarap diňe öňe ýöremek gerek.

Ýaňy ýörjen-ýörjen çaga ilkinji ädimlerinde tiz ýadap, büdräp, ýadap oturýar, emma biz- tebigy durmuşymyzdaky tejribelerden bilýäris ahyry, şu büdremeler yza çekilmeler biziň soňra batly ýöremegimize, ylgamagymyza getirýär. Biz bolsa howlugýarys, gyssanýarys. Soňky netijeler bizi şeýle bir gyzyklandyrýar, hatda käte heniz näbelli şol netijelere irikgä bolup, esasy işimizden ünsümizi sowaşdyrýarys.

Ilkinji ädimleriňe- işiň başyna nähili yhlas siňdirseň, garaşylýan we gazanylýan netije göz öňüne getirşiňden hem gowy  bolar. Işiň iň ähmiýetli bölegi netijesidir, ýöne şol netijä sag- aman eltjek we gurbatyňy gowşatmajak güýç ilkinji ädimlerdäki yhlasyňda jemlenýändir.  Ilkinji ädimler şeýle kiçijek, sadaja görünýän hem bolsa, iň beýik maksatlara eltip bilýändir.

Üstünligiň ikinji basgançagy bolsa öňüňde goýan maksadyňa ýetýänçäň göreşmekdir. Göreşde näçe güýç sarp etdigiňçe, şonça hem ýeňişiň tagamy süýji bolýar. Şonuň üçin hem üstünlige- maksadyňa ýetýänçäň, kynçylyklara garşy durup başaryň. Özüňizi taýynlaň!  Yhlasly zähmet bilen şol işi etmezlik üçin tutaryk eden bahanalaryňy terezä salsaň, bahanalaryň bedene has köp agram salýandygyny görersiň. Çünki çekilen zähmetiň haýry- höziri, şatlygy ruhuňa ýeňillik berýär we ýüregiňdäki ynamy hem berkidýär.

Ekin ekmän hasylyny ýygnap bolanok. Nahal oturtman miwesini ýolup bolanok. Iş etmän hak alyp bolmaýşy ýaly, üstünlige ýetmek üçin hem üstünligi göz öňüňe getirip,  arzuw edip, ýatmak ýeterlik däldir. Her bir zadyň peýda bolmagy we ýüze ýüzüne çykmagy üçin sabyr etmeli, yhlas etmeli, başyňy belent tutmalydyr. Topragyň astynda mazaly eýini alyp, özüni taplamasa, gämik hiç wagt ýer ýüzüne çykmaz. Bardy-geldi çykaýsa hem, ol kämil ösümlik bolup bilmez, ýa basym gurar, süllerer, ýa-da gül- gunça bermez.

Hawa, durmuşda kähalatlarda işimiziň ugruna bolmaýan ýagdaýlary hem gabat geläýýär. Durmuş-da bu. Göwün islegiň ugruna bolup durmaýar-a hemişe… Ýöne bu ýagdaý hemme eden azabymyzyň puç boldugy däl. Şowsuzlyk her birimiziň taplanmagymyz üçin tejribedir. Ol dogry ýolundan sowulan we egrelen maksatlarymyzy düzetmäge kömek berýär. Üstünlige ýetmek üçin düýp esas we özen. Şowsuzlyk gorkunç zat däl. Şowsuzlyk üstünligiň ganatydyr. Durmuşda haçanam bolsa bir wagt büdremedik ýa-da agsamadyk adamy hiç wagt görmersiň. Işi rowaç adamlaryň ählisi hem şowsuzlyk tagamyny dadyp görendirler. Üstünlik bir şowsuzlykdan başga bir şowsuzlyga  ynamyňy, yhlasyňy ýitirmän geçip bilmekdir. Men şowsuzlygy üstünligiň esasy serişdeleriniň  biri hökmünde görýän, megerem şowsuzlyk bolmazdan üstünlik kämil bolmaz, şowsuzlyk bolmasa üstünligiň hakyky tagamyny duýup bolmazmyka diýýän?!  Şowsuzlyk seniň şowsuz işi ugruna bolmaýan adamdygyňy aňladanok ahyryn?! Ýöne beýle diýildigi, şowsuzlyklara kaýyl bolup, arkaýyn oturmalydymyzy aňladanok.

Biz gazanylýan üstünligimizi däl-de ýalňyş hereket eden ýerlerimizi öwrenmäge çalyşmalydyrys.  Hemişe özüňden hasap sora. Öz ýalňyşlaryň we säwlikleriň garşysynda mert dur. Büdremejek bol, ýöne her gezek büdräniňde näme sebäpli büdräniňi öwren. Şol ýalňyşy ikinji gezek gaýtalamazlyk üçin näme etmelidiginiň çözgüdini şol wagt tapyp goýmalysyň. Iň esasy zat biz ruhdan düşüp, ynamymyzy gaçyrmaly däldiris! Özüňize ynanyň! Ynamyňyza görä durmuşyňyz bolar!

Hemişe tertip -düzgünli bolmak, bu-da üstünlige çykylýan basgançaklaryň biridir. Her günki işiňi öz wagtynda etmek- bu-da seni üstünlige çykarmak üçin kömek edip bilermikä diýýärin. Tertip -düzgün bu- üstünlikdir, şeýle hem, töweregiňdäkileriň hormatyny gazanmaga eltýän iň ygtybarly ýoldur. Ýeterlik yhlas edilmese, her işiň öz apaty, her maksadyň öňünde duran böwetler ýeterlik. Her ädimiňde hile, duzak, gapan dur. Bu duzaklar diňe başgalaryň däl, eýsem biziň biperwaýlygymyzdan, ýaltalygymyzdan ugur bilmezligimizden dörän duzaklardyr.

Öz geljekki üstünlikleriňizi göz öňüňe getirip, ätjek her ädimiňi, geçjek her menziliňi öňünden saldarlanyňda, geljekki maksat- hyýallar, meýiller babatda pikir öwreniňde, öňüňden çykjak kösençlikleri, päsgelçilikleri dürli ýagdaýlary hem gözden salmaly dälsiň.

Iň uly töwekgelçilik- durmuşyňda hiç hili töwekgelçiligiň bolmazlygydyr. Iň uly howp hiç hili howpy bolmadyk durmuşda ýaşamakdyr. Hakyky şowsuzlyk bolsa şowsuzlyga düşmekden gorkup, bir duran ýeriňde saklanmakdyr.

Ýene-de bir bilmeli zadyň, gyssanmaçlyk etmek, bu-da seniň üstünlige ýetmeli ýoluňda gurulan duzaklaryň biri bolup biler. Howlukmaçlyk dürli kynçylyklary we büdremeleri döredýän iň esasy zatlaryň biridir. Wagtyň gymmatyna düşünip, işimizi gyssanmaçlyk bilen bitirsek, has köp wagt utaýjak ýalydyrys. Wagty tygşytlamak durmuşa sazlaşykly gopmaga elter öýdýäris, emma bu dogry pikir däl. Wagty rejeli peýdalanmak diňe maksatlaryňy ilik- düwme öwrenip, ädimleriňi anyk kesgitlemek arkaly gazanylýandyr.

Alymlar özleriniň durmuş tejribelerine esaslanyp, şeýle bir pikiri aýdýarlar: “ Bir sagtlyk asuda pikir azyndan üç sagtlyk netijeli amaly üpjün edýär”. Işe dessine girişmek üçin başlamak isleginiň özi ýeterlik däldir. Emma başlamakdan öňürti mazaly ölçäp- biçmek zerur. Ätjek ädimleriňi ölçemek, kesgitlemek wajypdyr.

Ynha, bellenip geçilenlerden ugur alyp, olary durmuşda amala aşyrmagy başarsaň, öz hyýalyňda beslän üstünlikleriňe ýetip bilersiň! Öz işiňi kämil we doly ýerine ýetirenleriň yhlasy, zähmeti birjik-de köýmez, ýerde-de ýatmaz.

Şeýlelik bilen, size we siziň ýakynlaryňyza berk jan sag saglyk, rowaçlyk, üstünlikleriň bolsa hemişe ýaran bolmagyny arzuw edýärin!

Sonagül ŞAMYRADOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri Institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Related posts

New Discoveries Shed Light on Hattusha, Türkiye’s Ancient Hittite Capital

Ata Watan Eserleri

Memorandum of Understanding Signed between the Ministry of Education of Turkmenistan and PETRONAS

One Year Since the Awaza Conference: United Nations Marks International Day for Landlocked Developing Countries

Electronic exchange of advance information launched between the customs authorities of Turkmenistan and the Republic of Kazakhstan

Permanent Representatives of Turkmenistan and Pakistan met in Tehran

Current issues of Turkmen-Iranian cooperation discussed in Tehran

Türkiye’s summer isn’t just about the beach, it’s about what’s on the table next to it

Priority Vectors of Turkmenistan at the 81st session of the United Nations General Assembly

The first Turkmen-Bangladeshi political consultations were held in Ashgabat

Türkiye’s Trails: From Mountain Peaks to Endless Salt Flats

Ata Watan Eserleri

Training on Maritime Transport Safety Held at Turkmenbashi and Alat Ports

Ambassador of Türkiye Ahmet Demirok Concludes His Diplomatic Mission in Turkmenistan

Ata Watan Eserleri

Ambassador of Turkmenistan meets with Secretary-General of the Benelux Union

Ata Watan Eserleri

FC Arkadag Sweeps FC Goa 3-0 to Secure ACL Two Group Stage Spot

Turkmen National Leader and Afghan Deputy PM Meet in Torghundi to Discuss TAPI Pipeline and Transport Corridors

Afghanistan and Turkmenistan sign MoU on gas purchases under TAPI project

Mohamed Al Harbi: “The Turkmen Horse Breeding School is Exemplary”

Turkmenistan Hits Commercial Gas at Caspian Magtymguly Field

Gurbanguly Berdimuhamedov’s Vision on 35th Independence Day of Turkmenistan: Strengthening Independence, Democratic Governance and Sustainable National Development

Belarusian Embassy in Turkmenistan Introduces Online Appointment System for Visas and Consular Services