Üstünligiň syry nämede?

«Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar», «Yhlasa – myrat», «Dagy beýik diýme, yhlas etseň çykarsyň…» diýen nakyllary döreden halkymyz her bir adamy ruhlandyryjy, üstünlige ýetmäge ýardam edýän pähimleri döredipdirler. Yhlaslylyk — üstünligiň açary hasaplanýar. Üstünlige ýetmek üçin diňe yhlas edeniň ýeterlikmikä?! Geliň bu barada durmuşda üstünlige ýeten adamlaryň pikirlerini diňläliň.

Üstünligiň syryny belli amerikan ýazyjysy Stiwen King birnäçe düzgünlere bölýär.

  • «Hemişe öňe hereket etmegiňi dowam et!»;
  • «Agyry — wagtlaýyn, üstünlik — ömürlik» diýen jümlä ynanyň! Agyra çydap bilmän el goýberseňiz, garaşýan netijäňize ýetip bilmersiňiz.
  • «Sabyrly, kanagatly bol»;
  • «Tutluşykda ýeňip bolanok, türgenleşigiň, taýýarlygyň netijesinde ýeňiş gazanylýar»;
  • «Hiçden giç ýagşy», siz öňden ýeňilmän gelýän garşydaşyňyzdan eýmenýäňizmi, onda öňküňizdenem beter yhlasly işläň, köp wagt taýýarlanyň!

Üstünlige ýetmek üçin bolsa, belli amerikan telekeçisi Stiw Jobs şeýle maslahatlary berýär:

  • «Hemişe ýüregiň emrine gulak as» — siziň işiňiz size ruhy lezzet bermeýän bolsa, siz kanagatlanmaýan bolsaňyz, onda gözlegi dowam ediň.
  • «Daş-töweregiňi üýtget» — nähilidir bir gowy iş edendigiň hakyndaky pikir hemişe ýakymly.
  • «Başgaça pikirleniň» — stoluň başynda oturan ýeriňde täze pikir gelmeýär. Adamlar bilen gatnaşyň, synçy boluň, sorag beriň, synanyşyp görüň.
  • «Arzuwlary satyň, önümleri däl» — müşderiler gowy, bagtly durmuş hakynda arzuw edýärler. Olaryň durmuşyny baýlaşdyryň! «Önümi özüňiz üçin dörediň!» biz «Mac-yň» taslamasyny işlänimizde özümiz üçin niýetläpdik.
  • «Ýok» diýmegi başaryň!» — bu has zerur zatlardan ünsüňi bölmezlik üçin zerurdyr.

Kerim Aş-Şazili arap ýazyjysy «Üstünlik gazanmak üçin seniň haklydygyň ýeterlik däl. Sen özüňe bagly işleri doly ýerine ýetirmäge borçlysyň» diýýär.

Ine, şeýle uly üstünlige ýeten adamlar özleriniň geçen ýoly, kynçylygy, onuň üçin nämeleriň zerurdygy hakynda birnäçe makalalary, kitaplary ýazdylar, ýazmagyny hem dowam edýärler. Olar şol eserleriniň üsti bilen beýlekileriň üstünlige ýetmegi üçin ýoly ýeňilleşdirmäge, aňsatlaşdyrmaga çalyşýarlar. Goýberen ýalňyşlyklaryny gaýtalamazlyk, tersine ruhlandyrmak maksady bilen ýazýarlar. Sosial ulgamlarda manyly pikirler, paýhasly sözler ýazylan suratlar goýulanda, paýlaşylanda onuň aşagyndan belli adamlaryň atlary goýulýanda has-da täsirli okalýar. Sebäbi şol aýdylan jümleler şol adamyň geçen ýolunyň netijesinde döreýär, ýüze çykýar. Şol üstünlige ýeten, meşhur, belli şahsyýetiň yhlasynyň netijesi. Üstünlige ýeten tanymallaryň gürrüňleri diňlenilende, pikirleri okalanda olaryň esasan şeýle häsiýetleri özünde jemländigine göz ýetirýärsiň:

  • Höwesli isleg — şeýle adamlaryň üstünlige ýetmek hakyndaky hyjuwly isleginiň öňüni alyp bolmaýar. Maksatlary aýdyň, pikirlerindäki ýetjek menzili sagdyn hem berk.
  • Her bir işe yhlaslylyk bilen ýapyşylýan hyjuw — şeýle adamlar işlemeýärler, olar alyp barýan işinden lezzet alýarlar, dynç alýarlar.   
  • Tutanýerlilik — meşhur adamlarda hem şowsuzlyklar bolýar, ýöne ol ýeňilendigiňi aňlatmaýar. Olar üstünlige tarap täzeden ýol ýasaýarlar.
  • Özüňe bolan ynam — köp işewürleriň, meşhurlaryň öz meşgullanýan işi boýunça bilimleri ýok. Olar başdan öz başlan işine bolan ynamy ýokarydy we şoňa tarap aýgytly ädimler bilen ýörediler.
  • Ruhubelentlik — alyp barýan işleri hemişe isleýişleri ýaly bolmasa-da, olar hiç haçan ruhdan düşmediler.
  • Mertlik, batyrgaýlyk — olara hemişe maddy taýdan kömek etmekden boýun gaçyrýardylar, ýöne olar ýeňilmän, ýoluny dowam edýärdiler. Netijede bolsa özlerine gerek möçberli maddy kömegi tapýarlar we öz işini başlaýarlar.
  • Giň dünýägaraýyş — olar şu günki gün hakda pikirlenmediler. Köpleriň samsyklyk diýip pikir eden uzak geljegindäki ösüş hakynda pikirlendiler. Muňa Ford we onuň awtomobilini, Raýt doganlary we uçary, Edison we onuň wentilision turbasyny mysal getirip bolar.
  • Pozitiw pikirleniş — bu häsiýet olara saýlanyp alnan ugur boýunça hereket etmäge ynam döredýär.
  • Adamlar hakynda alada — her bir üstünlikli, işi rowaç adam özüniň peýdalanmak isläýjek ýokary hilli, peýdaly önümleri öndürmeli ýa-da hyzmatlary hödürlemelidir.

Goý, her bir adam ýüreginde beslän arzuwyny maksada öwürip üstünlige ýetsin! Şol üstünlik bolsa daş-töweregine şatlyk paýlasyn!

Miwe Nabatowa, žurnalist.

Related posts

New Discoveries Shed Light on Hattusha, Türkiye’s Ancient Hittite Capital

Ata Watan Eserleri

Memorandum of Understanding Signed between the Ministry of Education of Turkmenistan and PETRONAS

One Year Since the Awaza Conference: United Nations Marks International Day for Landlocked Developing Countries

Electronic exchange of advance information launched between the customs authorities of Turkmenistan and the Republic of Kazakhstan

Permanent Representatives of Turkmenistan and Pakistan met in Tehran

Current issues of Turkmen-Iranian cooperation discussed in Tehran

Türkiye’s summer isn’t just about the beach, it’s about what’s on the table next to it

Priority Vectors of Turkmenistan at the 81st session of the United Nations General Assembly

The first Turkmen-Bangladeshi political consultations were held in Ashgabat

Türkiye’s Trails: From Mountain Peaks to Endless Salt Flats

Ata Watan Eserleri

Training on Maritime Transport Safety Held at Turkmenbashi and Alat Ports

Ambassador of Türkiye Ahmet Demirok Concludes His Diplomatic Mission in Turkmenistan

Ata Watan Eserleri

Ambassador of Turkmenistan meets with Secretary-General of the Benelux Union

Ata Watan Eserleri

FC Arkadag Sweeps FC Goa 3-0 to Secure ACL Two Group Stage Spot

Turkmen National Leader and Afghan Deputy PM Meet in Torghundi to Discuss TAPI Pipeline and Transport Corridors

Afghanistan and Turkmenistan sign MoU on gas purchases under TAPI project

Mohamed Al Harbi: “The Turkmen Horse Breeding School is Exemplary”

Turkmenistan Hits Commercial Gas at Caspian Magtymguly Field

Gurbanguly Berdimuhamedov’s Vision on 35th Independence Day of Turkmenistan: Strengthening Independence, Democratic Governance and Sustainable National Development

Belarusian Embassy in Turkmenistan Introduces Online Appointment System for Visas and Consular Services