GENERAL

Türkmen-türk konsullyk geňeşmeler geçirilýär

2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-türk konsullyk geňeşmelerine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça baş müdirliginiň başlygy j-p Mehmet Samsaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar iki döwletiň konsullyk gulluklarynyň ugry boýunça özaragatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar.

Geňeşmeleriň çarçuwasynda gatnaşyjylar migrasiýa ugrunda halkara gün tertibiniň meselelerine garadylar. Wekiliýet ýolbaşçylary geljekde özaragatnaşyklary giňeltmek we işiň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmelerini yzygiderli geçirmegiň ähmiýetini bellediler.

Related posts

The National Leader of Turkmenistan Attends the Opening Ceremony of the World Nomad Games

Possibilities of establishing cooperation with Al-Arabiya channel discussed at the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan

5G and solar panels: Arkadag city at the forefront of technological advancement in Turkmenistan