GENERAL

Russiýa daşky dünýä bilen arasyny bir günlük üzer

Russiýada daşky dünýäden garaşsyz kommunikasiýa mümkinçiliklerini göz ýetirip bilmek bilen interneti bir günüň dowamynda kesmegi meýilleşdirýär. Şeýlelikde, şol gün 110 million adam internetden peýdalanyp bilmez. Şol gün ýerli internet binýady bolan Runet synag ediler. Bu synag bolsa onuň mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam berer.

Russiýa parlamentiniň gelen çözgüdi bilen Runeti daşarky dünýäden garaşsyz işletmek meýilleşdirilýär. Ýöne onuň doly kuwwatynyň näderejededigi heniz doly kesgitlenenok. Munuň üçin rus hökümeti ýurduň daşyndan gelýän internet akymlaryny bir günlük kesmegi makul bildi.

Synagyň 1-nji aprelden öň geçiriljekdigi belli, ýöne anyk senesi heniz aýdylanok. Ýakyn geljekde bolsa ilata internet hyzmatlaryny peýlamakda Russiýanyň diňe öz güýjüne daýanmagyna garaşylýar.

 

Related posts

Türkmenistan, İran’ın borcunu ödeyeceğine inanarak, bu ülkeye ihracata devam eder

vepa

EU-Turkmenistan Partnership: Summing up the achievements, we look to the future

Telephone conversation between the Ministers of Foreign Affairs of Turkmenistan and the Republic of Niger