GENERAL

Premýer-ministrlige dalaşgärler köpelýär

Geçen hepdede Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Tereza Meý eýeleýän wezipesinden çekildi. Häzir ýurtda bu wezipäni indiki eýelejek dalaşgärleriň görkezilmegi dowam edýär.

Tereza Meýiň wezipeden çekilen gününden birnäçe gün soňra ýurduň daşary işler ministri Boris Jonson bilen halkara hyzmatdaşlyklar boýunça ministr Rori Stýuart öz dalaşgärligini goýupdylar. Soňra bu sanawa jemagat palatasynyň ýolbaşçysy Andrea Lidsom hem goşuldy. BBC-niň ýazmagyna görä, saglyk ministri Mett Henkok hem bu wezpä dalaşgärleriň arasyna goşuldy.

Tereza Meý 24-nji maýda özüniň wezipeden çekilýändigini resmi ýagdaýda ygaln edipdi. Munuň sebäbi bolsa Ýewrobileleşik bilen dartgynly gatnaşyklar diýlip düşündirilýär. Täze Premýer-ministr geçiriljek saýlawlaryň netijesinde kesgitlener.

 

Related posts

President of Turkmenistan receives Prime Minister of the Republic of Uzbekistan

vepa

Yoon to pay state visits to Turkmenistan, Kazakhstan, Uzbekistan next week

Çin’den İran’a Türkmenistan üzerinden yük treni gönderildi

vepa