SPORT

“Barselona” 4, “Arsenal” 14 ýyldan soňra çärýek finalda

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşyklary geçirildi. Onuň çäklerinde Ispaniýanyň “Barselona” topary 4 ýyldan, Angliýanyň “Arsenal” topary bolsa 14 ýyldan soňra 1/4 finala çykmagy başardy.

Hawiniň şägirtleri Italiýanyň “Napoli” toparyny 3:1 hasabynda utdy. Duşuşykda Lopes, Žoau Kanseloa hem-de Lewandowski tapawutlandy.

Şeýlelikde, “Barselona” topary 2020-nji ýyldan soňra çärýek finala çykmagy başardy.

1/8 finalynyň jogap duşuşyklarynyň netijesi boýunça, “Arsenal” topary bilen Portugaliýanyň “Porto” toparynyň duşuşygy çekeleşikli boldy. Birinji duşuşykda “Porto” 1:0 hasabynda utan bolsa, jogap duşuşykda “Arsenal” 1:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, ýeňijini 11 metrlik jerime urgulary kesgitledi. Şeýlelikde, “Arsenal” topary  14 ýyldan soňra çärýek finala çykmagyň hötdesinden geldi.

Related posts

Türkmen futbolçysynyň Gonkongdaky üstünligi

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa çempionatyna gatnaşar

Rus hokkeýiniň ýyldyzy Oweçkin NHL-da ikinji orna çykdy