TEHNOLOGIÝA

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin sanly hyzmatlar portaly döredildi

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin sanly hyzmatlar portalynyň işi ýola goýuldy. Portal «e.ashgabat.gov.tm» salgyda ýerleşmek bilen, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin jemagat hyzmatlaryny amala aşyrmaga, ýagny, suw, zir-zibil, jaý jemagat hyzmatlarynyň töleglerini onlaýn görnüşde tölemäge, şeýle hem zerur bolan güwänamalary onlaýn ýagdaýda sargyt etmäge mümkinçilik döredildi.

Portalyň sanly hyzmatlary «Suw tölegi», «Güwänamalar», «Zir-zibil tölegi», «Jaý jemagat hyzmatlary» atly bölümleriň üsti bilen amala aşyrylýar. Portalyň üsti bilen tölegler amala aşyrylanda soralýan hasap belgisini almak üçin raýatlar Aşgabatagyzsuw edarasyna ýüz tutmalydyr.

Related posts

Ýylyň iň gowy smartfony

«HP» netbuk kompýuterleri aksiýada

Türkmen dilinde ilkinji onlaýn krossword :Atavatan Krossword

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment