SPORT

ABŞ-nyň daşary işler ministri Katardaky dünýä çempionatyna gatnaşar

Mälim bolşy ýaly, ýene-de 5 günden, has takygy 20-nji noýabrda futbol boýunça dünýä çempionaty Katarda badalga alýar. Ýakyn Gündogar sebitinde ilkinji gezek geçirilýän, şeýle hem ilkinji gezke güýz-gyş paslynda gurnalýan dünýä çempionaty köp sanly janköýerleri sabyrsyzlandyrýar.

Bu dünýä çempionatyna daşary ýurtly syýasatçylaryň hem gatnaşmagyna garaşylýar. ABŞ-nyň daşary işler ministri Entoni Blinkeniň 21-nji noýabrda geçiriljek ABŞ-nyň milli ýygyndysy bilen Uelsiň milli ýygyndysynyň arasyndaky duşuşyga gatnaşjakdygy mälim edildi.

Şeýle hem Blinken bu saparyň çäklerinde Kataryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirer.

Mundan başga-da, Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Jemýs Klewerliniň hem 20-nji noýabr-18-nji dekabr aralygynda geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň bolsa, Fransiýanyň milli ýygyndysynyň görkezjek netijelerine görä, dünýä çempionatyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Related posts

Tähranda Halkara Nowruz oýunlary geçirilýär

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

Türkmenistanyň Elektron sport federasiýasy GEF-e agza boldy

Leave a Comment