DÜNÝÄ

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi: 35 ýylda 260-dan gowrak hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda 35 ýylyň dowamynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygynyň netijesinde dürli pudaklar boýunça 260-dan gowrak hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehaniniň “Eýran bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň 35 ýyllygy: Parahatçylyga ymtylýan halklar, ösüşi maksat edinýän ýolbaşçylar” atly makalasynda beýan edilýär.

Ilçihananyň ýaýradan makalasynda görä, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri bolan Eýran Yslam Respublikasynyň özüniň iň ýakyn goňşusy bilen has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýandygy bellenilýär.

Geçen 35 ýylyň dowamynda iki ýurduň Prezidentleri resmi saparlar formatynda ýa-da halkara sammitleriniň çäklerinde onlarça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda Tährana amala aşyran ilkinji resmi saparynyň barşynda hyzmatdaşlyk baradaky köp sanly resminamalara gol çekildi.

Mundan başga-da, geçen 35 ýylyň dowamynda daşary işler ministrleriniň köp sanly duşuşyklary we iki ýurduň hökümet agzalarynyň arasyndaky ýüzlerçe duşuşyklar hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygyň aýdyň subutnamasydyr.

Soňky ýyllarda iki ýurduň özara gatnaşyklarynda möhüm mowzuklaryň biri-de welaýatara diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň işjeňleşdirilmegidir. Eýranyň Golestan, Demirgazyk Horasan we Horasane Razawi welaýatlary bilen ýanaşyk ýerleşýän Türkmenistanyň Balkan, Ahal we Mary welaýatlary ykdysady we ýerli derejedäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdiriji güýje öwrüldi.

Ykdysadyýet we energetika ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugta özenini düzýär. Tebigy gaz gorlarynyň ululygy boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistan we gaz gorlarynyň möçberleri boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýän Eýran sebitiň energetika deňagramlylygynda deňsiz-taýsyz orun tutýarlar.

Iki ýurduň arasyndaky Ykdysady, medeni we ylmy hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň on sekiz mejlisiniň, şeýle hem Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki toparyň duşuşyklarynyň on ýedi tapgyrynyň geçirilmegi söwdany ösdürmekde we üstaşyr gatnawy artdyrmakda netijeli boldy.

Söwda pudagynda iki ýurduň gatnaşyklary haryt dolanyşygynyň 5 milliard dollardan aşan “Altyn eýýamyny” hem başdan geçirip gördi. Häzirki wagtda täze maksat, ýagny bar bolan mümkinçilikleri 3 milliard dollar derejesine çenli ýokarlandyrmak baradaky maksat kesgitlenildi.

Iki ýurduň geçen 35 ýyldaky hyzmatdaşlygynyň netijesi, dürli pudaklar boýunça 260-dan gowrak hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekilmegi boldy.

Related posts

Türkmenistanyň Ilçisi Täze Zelandiýanyň Milli baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Köp sanly raýatlara we daşary ýurtlulara «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany gowşurylýar

Raýatyň jenaýat işine çekilmändigi barada kepilnama ulgamyna türkmen dili goşuldy