JEMGYÝET

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Balkan welaýatynda birnäçe gün dowam eden Medeniýet hepdeligi tamamlandy. Döredijilik forumynyň ýapylyş dabarasy berkarar Watanymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň şu gün giňden bellenilýän toý çäreleri bilen utgaşyp, bu senäniň baýramçylyk wakalarynyň hatarynda uly we täsirli orna eýe boldy.

Foruma gatnaşyjylar Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasyna geldiler. Bu ýerde Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy hem-de berkarar Watanymyzda her ýyl giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.

Çärede hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary esasynda indiki, 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeliginiň Daşoguz welaýatynda geçiriljekdigi barada hem yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary dabara gatnaşyjylara ýetirildi. Bu baradaky habar Sungat forumyna Daşoguz welaýatyndan gatnaşýan wekiller tarapyndan şatlyk-şowhun bilen kabul edildi.

Konsert maksatnamasynda meýilleşdirilen çykyşlar tamamlanandan soň, Daşoguz welaýatynyň wekillerine 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligini kabul etjekler hökmünde Göçme kubok gowşuryldy.

Related posts

Burger şekilli pahlawa

Ata Watan Eserleri

Fransa ile Orta Asya diplomatik ilişkilerin 25.yılını kutluyor

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa-Aýlagdaky arap döwletleriniň sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri