DÜNÝÄ

Türkmen-eýran parlamentara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Abdoljalal Iriniň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Dostlukly ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar parlamentara gatnaşyklary, energiýa, ulag, söwda, medeniýet we bilim ýaly ugurlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklarynyň möhümdigini bellediler. Bu ugurda parlamentara dostluk toparynyň üstünlikli işleýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda ýakynda geçiriljek çärelere garaldy.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny mälim etdiler.

Related posts

Türkmenistan Dohadaky BMG-niň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşýar

Azerbaýjanyň Mejlisi “Dostluk” ýatagy baradaky ähtnamany tassyklady

Ata Watan Eserleri

Ýakyn wagtda TOPH boýunça ylalaşyklara gol çekiler