JEMGYÝET

2024-nji ýylyň iň gowy etraby – Sakarçäge etraby

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylyň iň gowy etraby yglan edildi. Bu derejä Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby mynasyp boldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby 2024-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we bu etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Şeýle hem  resminama bilen, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça Topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Related posts

60 ýyldan soň…

Türkmen ve Güney Kore Lideri, Orta Asya’nın en büyük polimer tesisini gezdi

vepa

Türkmenistan’da bankamatik kart sayısı 2 milyonu aştı

vepa