DÜNÝÄ

Türkmenistan Mongoliýa ilçi belledi

Türkmenistan Mongoliýa ilçi belledi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi.

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky gatnaşyklar Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň geçen ýyl Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet sapary bilen täze döwre gadam basdy.

Aşgabatda geçirilen taryhy duşuşygyň çäklerinde  ulag ulgamy bilen bir hatarda oba hojalygy, syýahatylyk, medeniýet we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekilipdi.

Related posts

Arkadag şäheri bilen Gazagystanyň Türküstan welaýatynyň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

Hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Gyrgyzystana 1 million doza sanjym berer