TEHNOLOGIÝA

Ilon Maskyň beýin çipi ikinji näsaga oturdyldy

Dünýäniň iň baý işewürlerinden Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky kompaniýa “Neuralink” taslamasyny işläp düzdi.2016-nji ýylda döredilen bu taslamanyň çäklerinde adam beýnisini kompýuter bilen birleşdirýän çip döredildi. Şol çip ilkinji bolup, Nolan Arbo atly näsaga oturdyldy.

Şeýle çipleriň ikinjisi bolsa, oňurga ýiligi şikesli näsaga oturdyldy. Maksyň bellemegine görä, çipiň düzüminde 400 elektrod hereket edýär. Ýylyň dowamynda kompaniýa ýene-de 8 nasäga şeýle çiplerden oturdar.

Beýin çipleri hökmünde tanalýan bu elektron enjamlar hereket çäklenen adamlara kompýuteriň güýji bilen hereket etmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle çipiň ilkinji synag edilen näsagy Nolan Arbo agyr şikes alyp, boýundan aşagy ysmaz bolupdy.

Related posts

Maşgala, är-aýal hakynda nakyllar Iňlis dilinde

Ata Watan Eserleri

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek: Intellektual mümkinçilikler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi