DÜNÝÄ

Russiýanyň Prezidenti Gazagystanda resmi saparda bolar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça bu ýurtda resmi saparda bolar. “Kazinform” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu sapar 9-njy noýabrda amala aşyrylar.

Saparyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçiriler we onda gazak-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem iki ýurduň Baştutanlary sanly ulgam arkaly Gazagystanyň Kostanai şäherinde geçiriljek Gazagystan bilen Russiýanyň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygynyň XIX forumyna gatnaşarlar.

Related posts

GDA-nyň hökümet baştutanlary Astanada duşuşdy

Türkmenistan YHG-niň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşýar

Kosmosda burç gülledi