SPORT

Serdar Azmun “Romadaky” ilkinji goluny geçirdi

Italiýanyň “Roma” toparynyň düzüminde çykyş edýän eýranly futbolçy Serdar Azmun bu toparyndaky ilkinji goluny geçirdi.

“Roma” topary ýurduň çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň çäklerinde “Leççe” topary bilen duşuşdy. Duşuşyk 2:1 hasabynda rimlileriň peýdasyna tamamlandy. “Roma” toparynyň düzmüinde Serdar Azmun we Romelu Lukaku tapawutlandy. Bu futbolçylaryň ikisi hem oýnuň ikinji ýarymyna goşulan goşmaça wagtlarda tapawutlandylar.

– Biz bu duşuşygyň kyn geçjekdigini bilýärdik. Ýöne özümize bolan ynamy ýitirmedik. Men bu pursata köp garaşdym. Munuň üçin hem yzygiderli türgenleşdim. Men bu şäheri gowy görýärin. Ilkinji golumy maşgalama – ene-atama we aýalyma bagyşlaýaryn – diýip, Azmun ilkinji goly barada teswir berdi.

“”Roma” topary Azmuny Germaniýanyň “Baýer” toparyndan satyn almak şerti bilen 12 million ýewro bir ýyllygyna kärendesine aldy. Azmun 1,5 ýyl Germaniýada oýnap, 44 duşuşykda 5 gezek tapawutlandy.

 

Related posts

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň futbol bäsleşigi

vepa

Italiýa – Ýewropanyň täze çempiony

Şu gezekki Olimpiýa oýunlarynda näme üçin «Wel Barker» baýragy gowşurylmady?