SPORT

Türkmen ýaş türgeni altyn medal gazandy

Albaniýa Respublikasynyň Durres şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda türkmen türgenleri altyn we kümüş medal gazandylar.

Türkmenistanyň Agyr atletika boýunça ýygyndy toparynyň türgeni, Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Ogulşat Amanowa ýetginjek gyzlaryň arasynda dünýäniň çempiony boldy. 45 kg agram derejesinde bäsleşen ildeşimiz Türkiýeden, Ýaponiýadan, Kolumbiýadan, Wýetnamdan, Indoneziýadan, Ekwadordan, Filippinlerden, Ukrainadan, Maltadan we Ispaniýadan bolan türgenleri jemlän bäsleşikde garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykdy.

Ogulşat Amanowanyň umumy netijesi 156 kg-e barabar bolup, altyn medala eýe bolmagyny barabar boldy.

Ýeri gelende bellesek, dünýä çempionatyna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy topary 9 türgenden ybaratdyr. Milli wekiliýete 2 tälimçi we beýlekiler agzalyk edýärler.

Ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna 57 döwletden 268 türgen gatnaşýar.

Related posts

Dünýä çempionaty üçin sanjym hökmany bolar

Gwardiola özbek futbolçysy üçin rus ýa-da özbek dilini öwrenmekçi

Ata Watan Eserleri

Messi – ýylyň türgeni

Leave a Comment