SPORT

Germaniýada tomaşaçylar stadiona dolanar

Germaniýanyň Toparlar Birleşigi täze möwsümden başlap, futbol muşdaklarynyň stadionlara dolanmagy barada karar kabul etdi.

1-nji we 2-nji ligalaryň 36 toparynyň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn ýygnakda  «Covid-19»  pandemiýasy sebäpli tomaşaçysyz oýnalýan oýunlaryň täzeden janköýerler bilen geçirmek baradaky meýilnama tassyklandy.

2020-2021-iň möwsümi 18-nji sentýabrda, Germaniýanyň Kubogy ugryndaky duşuşyklaryň 1-nji tapgyry bolsa, 11-14-nji sentýabrda oýnalmagy meýilleşdirilýär.

Tomaşaçylaryň stadiona dolanmagy oýunlaryň has-da gyzgalaňly alnyp barylmagy bilen bir hatarda maddy üpjünçiligiň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Tomaşaçylar stadionda jemgyýetçilik aralygy saklap, degişli lukmançylyk düzgünlerini ýerine ýetirmeli bolar.

 

 

Related posts

Gruziýanyň milli ýygyndysyna 10 million ýewro berildi

“Al-Nasr” Kingsli Koman bilen şertnama baglaşdy

Gleýzer maşgalasy “Mançester Ýunaýted” toparyny satmakçy