BIZNES

5G ulgamyna eýe bolan ilkinji awtoulag

BYD awtoulag konserni bilen “Huawei” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynda  “BYD Han” kysymly elektrik ulagynyň täze görnüşi öndürildi. Bu ulag “Huawei” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen “HiCar” ulgamy bilen enjamlaşdyryldy.

“HiCar” ulgamynyň kömegi bilen awtoulagyň eýesi mobil goşundysyndan peýdalanyp, awtoulag bilen aragatnaşyk saklap biler. Mysal üçin, sürüji gapylary gulplap we açyp biler, süpürgiçleri dolandyryp biler, möhüm parametrleri hakyky wagtda barlap biler.

Şeýlelikde, “BYD Han” kysymly elektrik awtoulagy 5G ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Bu “Huawei” kompaniýasynyň 5G ulgamly çözgüdiniň awtoulagda ilkinji gezek ulanylmagyny getirdi.

Dünýä belli awtoulag öndürijileriniň aglabasy “5G HiCar” ulgamyny öz awtoulaglarynda ornaşdyrmagy maksat edinýär.

Related posts

“Halkbank”: açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolar

Ata Watan Eserleri

Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlyk giňeldiler

Mahtumkuli’nin şiirleri Özbekçe yayınlandı

vepa