SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyna gitdiler

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji tapgyry Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugrady. Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimiziň 289-syny şu ýylyň 22-nji iýuny — 15-nji iýuly aralygynda haj parzyna ibermek hakynda degişli Buýruga gol çekipdi.

Ýurdumyzyň zyýaratçylary, ilki bilen, «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän Hezreti Omar metjidinde boldular.

Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda Diýarymyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym edip, beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolmaga mümkinçilik aldylar.

Related posts

Ýerli ýolagçy howa gatnawlary: içerki gatnawlaryň sany artdyryldy

Çehiýa — syýahat üçin gyzykly döwlet

«Sputnik V» ýene bir döwletde bellige alyndy

Leave a Comment