SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

1-nji iýun: ejeler üçin baýramçylyk sowgady

Şu gün 1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni. 1-nji iýunyň ilkinji sagatlarynda dünýä inen bäbekleriň ejelerine baýramçylyk sowgady gowşuryldy. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň çagalar gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň wekilleri 1-nji iýunda bäbek dünýä indiren ejelere sowgat taýýarladylar.

Olar Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde bolup, 1-nji iýunyň ilkinji sagatlarynda dünýä inen bäbekleriň ejelerine baýramçylyk sowgady gowşurdylar.

 

Gutardyş döwlet synaglary başlady

Related posts

Türkiýäniň uniwersiteti Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin hünärmen taýýarlar

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

“Gap Inşaat” Türkmenistanda täze saglyk merkezlerini gurar