BIZNES

Jemi Içerki Önümiň Möçberi 5,9 göterim artdy

Ykdysady görkezijiler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow şu ýylyň birinji ýarymynda makroykdysady görkezijiler hakynda hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalaýyn tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişini seljermegiň jemlerine laýyklykda, alty aýda jemi içerki önümiň möçberi 5,9 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň öndürilişi 4,4 göterim köpeldi.

Ýanwar-iýun aýlarynda 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölekleýin haryt dolanyşygynyň möçberi 13,8 göterim artdy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim ýokarlandy.

Nebit-gaz ulgamynda görkezijiler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow alty aýda gözegçilik edýän ulgamlarynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer nebit we gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasynyň 107,6 göterim, nebiti gaýtadan işlemek baradaky meýilnamanyň 102,6 göterim, benzin öndürmek boýunça meýilnamanyň 105,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek baradaky meýilnamanyň 105,1 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Suwuklandyrylan gaz öndürmegiň ösüşi 112,2 göterime, özleşdirilen maýa goýumlaryň ösüşi 113,3 göterime barabar boldy.

Ulag we aragatnaşyk ulgamynda görkezijiler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu pudagyň kärhanalary tarapyndan meýilnamanyň 100,4 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi.

Hususan-da, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 100,2 göterim, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 120,5 göterim ösüş gazanyldy. «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýerine ýetirilen işler 61 göterime deň boldy, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleri babatda 122,4 göterim ösüş gazanyldy.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşalyşynyň möçberi boýunça meýilnama 99,2 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe meýilnama 101,5 göterim berjaý edildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş depgini 109,8 göterime deň boldy.

Gurluşyk-senagat we energetika pudaklarynda görkezijiler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän gurluşyk-senagat we energetika pudaklarynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde, paýtagtymyzyň edara ediş düzümlerinde şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şeýlelikde, ýanwar — iýun aýlarynda gurluşyk-senagat toplumynda önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 112,8 göterim berjaý edildi. Ösüş depgini 118,9 göterime deň boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 107,7 göterim artyp, meýilnama 107,4 göterim berjaý edildi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önüm öndürmegiň we işleri alyp barmagyň meýilnamasy 105,5 göterim berjaý edildi. Ösüş bolsa 109,2 göterime barabar boldy.

Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek, degişli işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlar boýunça meýilnama 113,9 göterim ýerine ýetirildi. Bu düzümiň görkezijileriniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 119,5 göterime deň boldy.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserninde önüm öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim ýerine ýetirildi. Ösüş 148,1 göterime barabar boldy.

Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 113,2 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş 100,3 göterime deň boldy.

Söwda we dokma pudaklarynda görkezijiler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda 2020-nji ýylyň geçen ýarym ýylynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň möçberi 24,6 göterim artdy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginde hasabat döwründe önümçiligiň möçberi 19,9 göterim ýokarlandy.

Döwlet haryt-çig mal biržasynda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda birža söwdalarynyň 126-sy geçirilip, harytlaryň eksporty we importy bilen bagly 13 müň 188 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi manat dolanyşygynda 50,3 göterim, peýdanyň möçberi 23 göterim ýokarlandy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda öndürilen senagat önümleriniň möçberi 18,9 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi bolsa 28,7 göterim artdy.

Oba hojalyk ulgamynda görkezijiler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde birinji ýarym ýyllykda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we welaýatlarda alnyp barylýan meýdan işleri barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumyna degişli düzümlerde önümçiligiň ösüşi 115,7 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 116,8 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 106,1 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça bolsa 103,9 göterime deň boldy.

Ýene-de okaň

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanda 87 taslamany maliýeleşdirdi

Türkmenistan bilen Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň işi döwrebaplaşdyrylýar

Azerbaýjandan Pars aýlagyna çenli demirýoly gurlar

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar