Türkmenistanyň ilatyna gaz bermegiň kadalary hem-de ýurdumyzdaky kärhanalaryň we guramalaryň gazy peýdalanmagyň kadalaryny kämilleşdirmegiň we döwrüň talaplaryna kybap getirmek barada alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.
Hususan-da olarda iberilýän gazy hasaba alynmagy, hasaplaşyklary nagt we nagt däl görnüşde geçirmegiň düzgünleri we taraplaryň hukuklary, borçlary hem-de jogapkärçilikleri kesgitlendi. Tebigy gazy sarp edijileriň howpsuzlyk kadalaryny berk berjaý etmekleri we howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmeýän gaz geçirijileri özbaşdak çekmekleri, şeýle hem tehniki talaplara laýyk gelmeýän gaz gurallaryny ulanmaklygyň öňüni almaga gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän döwletimiziň baý uglewodorod serişdeleriniň netijeli we rejeli ulanmagynyň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Milli Liderimiz durmuş we önümçilik ulgamlaryna döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, şeýle hem tebigy gazyň sarp edilişini hasaba alyş ulgamlaryny giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.
Mawy Altyn 2019: Global sarp ediş artýar
Bulary hem okaň!
Pakistanda TOPH taslamasynyň gurluşygyna başlanar
Ses we ýylylyk saklaýjy serişdeler öndüriler
Zähmet haklary ýokarlandyrmak: 2021-nji ýylyň býujeti
2020 ýyly üçin ykdysady çaklamalary
Birža paýdarlar jemgyýetine öwrüler: Paýnamalar hususy tarapa satylar
Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy