Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy. Biz bu barada öň saýtymyza Foto Habar ýerleşdiripdik. Siz ol Foto habary şu ýere basyp görüp bilersiňiz!
Indi bolsa hormatly Okyjylarymyz üçin ýörite taýýarlan Wideo habarymyzy we Foto Habarymyzy Size ýetirýäris.
Wideo Habar
Wideo habary saýtymyzyň resmi You Tube kanalyndan şu ýere basyp tomoşa edip bilersiňiz!
Geliň indi bolsa “Garagum ýalkymynyň” täsinlikleri barada gysgaça maglumatlary täze çekilen Foto suratlar bilen Siziň dykgatyňyza ýetireýliň!
Derweze irki döwürlerde gazylyp alynýan peýdaly baýlyklara hem baý ýer. Derweze sebitinde tebigy taýdan arassa kükürdi gazyp almak işi amala aşyrylypdyr. 1929-njy ýylda Derweze ýaýlasynda kükürt zawodynyň düýbi tutulypdyr.
Mundan başga-da, geologlar tarapyndan gaz käniniň hem üstünden barlypdyr. Bu ýerlerde ylmy-barlag işleri geçirilip, buraw işleri amala aşyrylypdyr.
Buraw işleri geçirilen pursatynda garaşylmadyk tebigy hadysa emele gelipdir. Göz-açyp ýumasy pursatda çuň guýy emele gelipdir. Onuň çuňlugy 20 metre, giňligi 60 metre barabardyr.
Geologlar daş-töwerege gaz ysynyň ýaýrap başlandygy duýup, gazyň düzümindäki zäherleýji maddalar janly-jandara zeper ýetirmez ýaly, onuň ýakylýandygyndan ugur alyp, ony ýakmak babatda karara gelnipdir. Şeýlelikde ol müdimi ýanýan oda öwrülipdir.
Häzirki wagtda “Garagum ýalkymy” ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Guýuda ýanýan oduň alawynyň 10-15 metr belentlige galýandygyny ony synlamaga gelýänlerde örän täsin duýgulary döredýär.
Tebigy ýanýan “Garagum ýalkymy” Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdan 270 kilometr daşlykda, Ýerbent obasyndan, takmynan, 90 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Bu ýerde türkmen alymlary indi 50 ýyldan bäri ylmy-gözleg işlerini alyp barýarlar.
2013-nji ýyldan türkmen hünärmenleri kanadaly kärdeşleri bilen bilelikde 500 derejedäki gyzgynlyga çydamly ýörite enjamlary ulanyp, krateriň düýbüne düşüp, ylmy-gözleg işlerini amala aşyrdy.
Onuň düýbünden alnan topragyň düzümini öwrenmek arkaly adaty tebigatda ýaşamaga ukypsyz, diňe aýratyn şertlerde ýaşaýan janly bakteriýalaryň bardygy ýüze çykaryldy. Bu tapyndy astrobiologiýa ylmy üçin örän wajypdyr. Gün ulgamyndan daşardaky planetalarda ýaşamak üçin bar bolan şertler şu ýerdäki gaz krateriniň şertlerine meňzeşdir.
Ýarym asyrdan bäri sönmän ýanyp duran krater dünýä jemgyýetçiliginde-de uly gyzyklanma döretdi. Dünýäniň köp sanly internet neşirlerinde bu barada makalalar çap edildi. Galyberse-de, durmuşda gezip görmegi maslahat berilýän esasy syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrüldi.
Söhbetdeşlik okap bilersiňiz!
Gülälek Gulmyradowa:Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!
“Kyrkgyz “gowagy baradaky Wideo Habarymyz
Täsin tebigy gowaklaryň biri bolan Bäherden etrabynyň çäklerindäki “Kyrkgyz” gowagy hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.
Jemi 9 minutdan gowrak bolan ajaýyp wideo habary dolulygyna `Atavatan Turkmenistan` You Tube kanalyndan tomaşa edip bilersiňiz! Wideo dolulygyna iň You Tube kanalymyza ýerleşdirildi.
You Tube kanalymyz üçin şu linke basyp girip bilersiňiz!
Size şeýle hem Kyrkgyz gowagyndan ajaýyp pursatlara degişli fotosuratlary şu linkden görüp bilersiňiz!
Üns beriň bäsleşik!
Jemi 25 Baýrak Size garaşýar: Bäsleşik dowam edýär
Bäsleşik barada Wideo habara YouTube hasabymyzdan şu ýere basyp tomaşa edip bilersiňiz!
Saýtymyzdaky habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.