TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET MINISTRLIGI
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň iň oňat nyşanyny taýýarlamak boýunça
BÄSLEŞIK
yglan edýär
Bäsleşigiň maksady «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» iň oňat nyşanyny taýýarlamakdan, ýurdumyzda dürli baýramçylyk we medeni köpçülikleýin çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini gazanmakdan, ýaşlaryň kalbynda ata Watanymyza bolan söýgini ösdürmekden ybaratdyr.
Bäsleşige ýurdumyzyň suratkeşleri, dizaýnerleri, suratkeş mugallymlary we talyplary, okuwçy ýaşlary, şeýle hem höwesjeň adamlar gatnaşyp bilerler. Hödürlenilýän işler çeperçilik sungatynyň şu ugurlary boýunça ýerine ýetirilmelidir:
— grafeka-plakat işleri görnüşinde;
— kompýuter grafikasy usulynda.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz döreden işlerini «PSD» we «JPEG» görnüşde CD, DVD disklerde we beýleki elektron göterijilerde hödürläp bilerler. Olar bäsleşige hödürleýän işleriniň ýanyna özleri hakynda maglumatlary goşmalydyrlar (işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgisi).
Bäsleşege gatnaşyjylar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.
Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar 2020-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hasaba alynýar.
Bäsleşikde tapawutlanan işler Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine hödürlener.
Salgysy:Aşgabat şäheri, Alyşir Nowaýy köçesiniň 90-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon begileri: 92-25-08, 92-31-19.
Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy