JEMGYÝET

Ahal welaýatynda ýokanç keseller hassahanasy açyldy

Şu gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir desgasynyň –  Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda gurlup, ulanmaga berlen 200 orunlyk täze ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulnmaga berilýän durmuş maksatly binalaryň üstüni ýetirdi.

Bugünkü şanly waka hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiz tarapyndan halkymyzyň saglygyny goramaga berilýän  ünsünň aýdyň subtunamasydyr. Halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dürli künjeklerine peýda bolan hem-de meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň iň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen iň häzirki zaman lukmançylyk merkezleri hem doly şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz ýokanç keseller hassahanasy bilen tanyşlygyny onuň reanimasiýa bölüminden başlady. Bu bölüm Germaniýanyň hem-de Şwesiýanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilendir. Agyr ýagdaýly hassalary bejermek üçin niýetlenen reanimasýa bölümi her bir näsag üçin emeli respirator, monitor, kislorod we wakum ulgamy göz öňünde tutulandyr.

Hassahanada funksional diagnostika, wirus gepatit, ýokarky dem alyş agzalarynyň ýokanç keselleri, içege ýokançlyklary, esasanam howa damja ýoly bilen geçýän aýratyn howply ýokanç keselleri we anyklanmadyk beýleki ýokanç keselleri bölümleri bar. Şeýle hem hirurgiýa, reanimasiýa we akuşerçilik, fizioterapiýa we dispanser bölümleri bar.

Halkara ülňülerine laýyklykda bina edilen bu hassahana birbada 200 näsaga, ululary we çagalary bejermek üçin kabul edip biler. Bölümleriň ählisi Germaniýada, Şwesiýada, Italiýada, Fransiýada, Ýaponiýada, Günorta Koreýada, ABŞ-da, Niderlandlarda, Çehiýada, Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen iň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Hormatly Prezidentimize hassahananyň barlaghana bölüminde biohimiki, bakteriologiki, molekulýar genetiki we immunologiki seljerijiler, COVID-19 ýaly ýokanç keselleriň we wiruslaryň sebäplerini kesgitlemek üçin anyklaýyş toplumy görkezildi. Mundan başga-da, dürli görkezijileri kesgitlemek üçin bu ýerde çalt synag ulgamy girizildi.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda zenanlara Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylar

Pezeşkian: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy giňelderis