Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýda iş saparynda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygyna we “Owganystanyň goňşy ýurtlary + Owganystan” dialogynyň işine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 29 — 31-nji marty aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Huanşan şäherinde gulluk iş saparynda bolar. https://www.atavatan-turkmenistan.com/bmg-nin-kararnamalaryna-bagyslanan-brifing/