JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gözegçilik edýän toplumlary boýunça hasabatlary diňlenildi.

TÜRKMEN YKDYSADYÝETINIŇ DURNUKLY ÖSÜŞI GAZANYLAR

Şol hasabatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzy 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasy barada habar berildi. Maksatnamada 2025-nji ýylyň dowamynda makroykdysady görkezijileri we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamaga, milli ykdysadyýetiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli we toplumlaýyn ösdürmek, senagat-innowasion ösüşiň derejesini ýokarlandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem mejlisde azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlarda ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak hem-de olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça degişli işler alnyp barylýandygy hasabat berildi.

IRI WE SEBIT TASLAMALARYNA MAÝA GOÝUMLAR GÖNÜKDIRILER

Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasyna laýyklykda, şu ýylda maýa goýumlar döwlet we sebit ähmiýetli taslamalar bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryna, “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasyna, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegine, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna, Balkan welaýatyndaky kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyna, Jebel şäherçesindäki täze Halkara howa menziline, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köprä gönükdiriler. Sebitde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna aýratyn üns berler.

TÜRKMENISTAN-MONAKO KNÝAZLYGY HYZMATDAŞLYGYNDA TÄZE DÖWÜR

Mejlisiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 19-20-nji ýanwarda Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň netijeleri barada hasabat berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 20-nji ýanwarda Monakonyň Şazadasy Alber II bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplaryň özara hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydygy tassyklanyldy.

Şeýle hem diplomatik gullugyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabatlar berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan köptaraplaýyn halkara şertnamalaryň 189-synyň agzasy bolup durýar.

TÜRKMENPOÇTA” “INTERNATIONAL POSTAL SYSTEM” ULGAMYNA BIRIKDIRILER

Mundan başga-da, mejlisiň barşynda Türkmenistanyň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşiginiň “International Postal System” (IPS) atly sanly ulgamy birikdirilmegi hakynda hasabat berildi. Bu ulgam poçtany dessin dolandyrmaga we elektron maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän programma üpjünçiliklerini özünde jemleýär.

Şeýle hem mejlisde “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekildi we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Ýene-de okaň

Özbegistanda «Hakyda göwheri» kitabynyň özbek dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmen gazyny Türkiýä ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

«Magtymguly Pyragy» atly çeper film Nýu-Ýorkda görkezildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan Fransiýa bilen köpugurly gatnaşyklary giňelder

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda geňeşmeler geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi