2025-nji ýylyň 6-8-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar 21.11.2022 senede Abu-Dabi şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşygyň çäginde guraldy.
Ilki bilen, wekiliýetiň BAE-niň Federal gümrük gullugynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Şunda, Halkara gümrük hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri jenap Soud Alagrubi Federal gümrük gullugynyň alyp barýan işi hem-de bu gullugyň ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasyny ornaşdyrmak boýunça tejribesi bilen tanyşdyrdy.
Duşuşygyň dowamynda ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek boýunça hyzmatdaşlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, arap tarapy bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Hereket meýilnamasynyň taslamasyny teklip etdi.
Iş duşuşygy şeýle-de Dubaý şäher gümrükhanasynda geçirildi. Soňra Dubaý gümrükhanasy tarapyndan wekiliýetimiz üçin Jebel Ali portuna we Dubaýyň Gümrük akademiýasyna saparlary guraldy.
Jebel Ali deňiz portunda wekiliýetimiz bu ýerde ornaşdyrylan rentgen barlag enjamynyň işleýiş ulgamy bilen tanyşdyryldy. Bu ulgam barlamak, ýük ulaglaryny we konteýnerleri barlamak üçin ulanylýan ulaglary radioaktiw skanirlemegiň innowasion ulgamy bilen tanyşdyrdy. Bu enjam Dubaý gümrükhanasy tarapyndan taýýarlanan tehniki şertlerine laýyklykda işlenip taýýarlanan. Ol uly göwrümli konteýnerleri, ulag serişdelerini içindäki harytlara we azyk önümlerine zeper ýetirmezden düýpli barlamaga ukyply. Şol bir wagtda ol gadagan edilen zatlary kesgitleýär. Ulgam 8-15 km tizlik bilen hereket edip, sagatda 150 ýük awtoulagyny skanirlemäge ukyply.
Dubaýyň gümrük akademiýasyna baryp görmegiň barşynda bu ýerde ulanylýan gümrük işini okatmagyň häzirki zaman usullary, hususan-da wirtual hakykaty öwretmek usuly öwrenildi.