SIZDEN GELENLER

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildi çapdan çykdy. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi.

Täze ylmy gollanmanyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Şol tanyşdyrylyş dabaralarynda edilen çykyşlarda köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi we uly meşhurlykdan peýdalanýandygy nygtaldy. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylarynyň millionlarçasyna elýeterli boldy. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygy ösdürmegiň pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini özünde jemleýän nusgasyny döretdi. Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary ýurdumyzyň tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem mümkinçilik döreder. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen, dermanlyk ösümlikleriniň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň täze jildinde “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Şeýle hem eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna goşant goşar.

“Hoz” barada düşünje

Gadymy hem uzak ýaşaýan agaçlaryň hataryna degişli bolan, ýokary derejede dermanlyk we azyklyk häsiýetli hoz agajynyň dünýäde, takmynan, 20 (başga maglumatlarda 40-a çenli), Türkmenistanda 1 görnüşi ýabany ýagdaýda duşýar.

Hoz – hozlar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 20-25 metre çenli ýetýän bir ýa-da köp sütüni emele getirýän agaçdyr. Onuň çuň şar şekilli ýokary başynyň gabarasy 20 metre çenli ýetýär. Hozuň sütüniniň gabarasy 150-250 santimetre barabar. Köp ýaşaýan ýa-da garry agaçlaryň sütünleri garamtyl-çal reňkli, örän owadan. Şahalary burç şekilliräk, gabygy gara-çal reňkli. Bahardaky pudaklary ýaşyl, güýzüne goňrumtyk-ýaşylymtyl reňkde bolup, olarda köp sanly ujy deşijekli çişler ýerleşýär.

Ýaýrawy. Daragt Diýarymyzda Günorta-Günbatar Köpetdagda: Aýyderede, Porderede, Hozluda; Merkezi Köpetdagda: Amaratda, Hozlydagda, Ypaýgalada, Garaýalçyda, Galyňhozda, Kiçi Nyýazymda, Degirmenlide (Prohladnyý), Müsünewde (Hozlydere); Köýtendagda duşýar. Ol ýerlerdäki dag jülgelerinde, derýajyklaryň we akarlaryň kenarynda, çeşmeleriň töwereginde bitýär.

Dermanlyk çig maly. Hozuň dermanlyk maksatlary üçin ýapragy, bişmedik miweleri we miweýany çig mal bolup hyzmat edýär. Ýapraklaryny maý aýynyň ahyrlaryndan iýun aýynyň birinji ýarymyna çenli aralykda, olar entäk ösüşini doly gutarmanka we hoşboý ysa eýekä ýygnamaly. Ýaprajyklary esasy sapakdan ýolup almaly. Olary tämiz görnüşinde peýdalanmaly (olar haýal guradylanda garalýar).

Himiki düzümi. Agajyň ýapragynda 2250-4500 mg%-e çenli С, P, B, witaminler, 0,33 mg% karotin, 0,01-0,03% efir ýagy, 3-5% eý maddasy, kwersetin giperozidi we kemiferol flawonoidler, hinonlar, fenil-karbon turşulyklar, reňk beriji ýuglon saklanýar. Hozuň ýapragynda  C witaminiň mukdary ösüş çäginiň mümkinçiliklerinde yzygider ýokarlanýar we ösüş döwrüniň ortasynda aňryçäge ýetýär, soňra güýzde peselýär. Miweýanynyň ýaşyl gabygy askorbin turşusyna (gök miweleri) – 3000 mg%-e çenli, karatine we eý maddalaryna (25000 mg%) baýdyr. Olar «tebigy witamin konsentratlaryny» almak üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Hozuň maňzy – örän gymmat bahaly önüm, onuň düzüminde 75%-e çenli ýag, 20% töweregi beloklar, 7-16% uglewodlar, 30-50 mg% C, 0,3 mg% B1 witamini, karotin we beýleki E, P witaminleri, şeýle hem demriň hem koboltyň duzlary girýär.

Peýdalanylyşy. Hoz agajy has gadymy dermanlyk ösümlikleriň sanawyna girýär. Ol baradaky köp sanly ýazgylara Gippokratyň, Dioskoridiň, Siseronyň, Pliniý ulynyň, Wirgiliniň we beýleki gadymy grek hem rim alymlarynyň eserlerinde duşmak bolýar. Grek hozuny dürli adatlarda we däp-dessurlarda, şol sanda toý tutulanda, (ony nikalaşmagyň nyşany hasaplapdyrlar) ulanypdyrlar. De Gubernatisiň «Ösümlikleriň mifologiýasy» diýen kitabynda, ýagny üç ülüşli hozlar gadymyýetde «baýlygyň» hem «bol hasyllygyň» nyşany hasaplapdyrlar diýip görkezilýär.

Derman taýýarlanylyşy hem ulanylyşy. Hozuň bir nahar çemçe (15 g) guradylan ownuk ýapragyny bir bulgur (200 ml) suwa atyp, 30-40 minut saklap, hasa bilen süzmeli. Taýýar bolan jöwheri her gün bir nahar çemçeden (15 g) 4 gezek içmeli. Agajyň 3-5 nahar çemçe (45-75 g) gury owradylan ýapragyny ýarym litr (500 ml) suwa atyp, içi syrçaly gapda haýal ýanýan otda gaýnatmaly. Hasadan geçirip, deri kesellerinde, iriňli ýaralarda ýapgy ýa-da çalgy görnüşinde peýdalanmaly.

Rustem BEGIÝEW,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Keselleriň öňüni alyş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri