BILIM

Türkmenistanly ýaş alym guş dersinden ýokumly dökün aldy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 4-nji ýyl talyby Kadyr Amanow «Ekologiki arassa organomineral dökünleriň netijeli we tygşytly usulda alnyşy» atly iş bilen dökün hökmünde guş dersini peýdalanmagy teklip edýär. Bu barada «Nesil» gazetinde çap edilen makalada habar berildi.

Ýaş alym döküniň alnyşyny şeýle düşündirýär:

— Guş dersiniň gaýtadan işlenilmegi netijesinde, ekologiki arassa organomineral dökünleriniň alnyş usulyny işläp düzmekde çig mal hökmünde broýler towugynyň dersi, Magdanly — Köýtendag sebitiniň Durnaly meýdançasynyň fosforit magdany ulanyldy we olaryň aýry-aýrylykda himiki düzümi kesgitlenildi. Tejribehana şertlerinde ylmy-barlag işleri geçirilende, ilki bilen, towuk dersi gaýry galyndylardan arassalanyldy, galyndy hökmünde çykýan towuk ýelekleri mineral kislotalarynyň ergininde 80 — 90 derejede eredildi, alnan kislotaly ergin gaty-sowuk gatnaşykda taýýarlanylan, ownadylan goýy towuk dersli garyndy bilen 30 minutlap garyşdyryldy. Soňra üwelen fosforit magdany goşuldy hem-de garyndynyň wodorod görkezijisi 5-6,5 aralygyna çenli ýetirildi. Alnan garyndynyň düzümindäki artykmaç suwuklyk açyk gapda umumy çyglylygy 65 göterime ýetýänçä suwsuzlandyryldy. Alnan dökün granulirlenildi we guradyldy. Organomineral dökünleriň talabyna laýyklykda, towuk dersiniň düzüminde azot, fosfor, kaliý elementleriň hem-de umumy organiki maddanyň ýeterlik derejede saklanýandygyny nazarda tutup, barlaghana şertlerinde ylmy esasda ekologiki arassa organomineral dökünleri alyndy.

Ýaş alym indi bu işi durmuşa geçirmegiň aladasynda. Ol ylmy işde alnan maglumatlar boýunça «Täsiri uzak wagtlap dowam edýän organomineral dökün» we «Guş dersini gaýtadan işlemegiň usuly» atly oýlap tapyşlaryny Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gulluguna seljermäge tabşyrdy. Degişli ygtyýarnama berilse, bu önümçiligi «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Maryazot» kärhanasynda ýola goýmak meýilleşdirilýär. Munuň üçin ol mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda kärhanada ýörite bolup, ýerli mümkinçilikleri hem öwrendi.

Bu işiň iň esasy netijesi talyp ýigidiň Türkmenistanyň şertlerinde ilkinji gezek guşçylyk toplumlarynda emele gelýän galyndylary gaýtadan işläp, galyndysyz tehnologiýanyň esasynda ekologiýa taýdan arassa, ykdysady taýdan amatly, topragy gurplandyryjy organomineral döküni almagy başaranlygydyr.

Bu ylmy gözlegler bilen talyp ýigit birnäçe teklipleri hem öňe sürýär. Birinjiden, ol bu organomineral döküni topragyň ähli görnüşlerinde ulanyp bolýandygyny kepillendirýär. Bir ýyl ulanylan dökün diňe şol ýyla däl, 3-4 ýyllyk hasyla täsirini ýetirip biler. Üstesine-de, ol topragy iýmit maddalary bilen baýlaşdyrýar. Käbir döküni suw toprakdan ýuwup, aýryp bilýär, ýöne organomineral dökünler babatynda bu ýagdaý beýle däl. Dökün topragyň bagryndan «berk ýapyşyp», ähli ýokumyny oňa bagyşlap durýar. Organomineral döküniň toprakda gumus ýetmezçiligini aradan aýyrmak, hasylyň mukdaryny artdyryp, hilini ýokarlandyrmak, daşamak we satmak babatynda amatlylyk, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmak ýaly mümkinçiliklerini hem ýokarda aýdylanlaryň üstüne goşup bileris.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy

Ýaşlaryň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolarlar