GENEL

Zylyha Kakaýewa :Mahmal owazyň eýesi

Döredijilik özüne ýakyn ynsanlary saýlaýar. Muňa döredijilige ýüreginiň töründen orun beren ynsanlaryň döredýän eserlerinde häsiýetleriniň şöhlelenmegi  şaýatlyk edýär. Munuň hakykatdan hem şeýledigine, mahmal owazly aýdymçy, Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolanymyzda ýene bir ýola göz ýetirdik. Ýerine ýetirýän aýdymlaryndaky ýakymly owaz ýaly mylaýymlyk, mähirlilik, nuranalyk  Zylyhanyň ylhamly dünýäsine mahsus. Şonuň üçinem ol aýdym aýdanda mahmal owazy bilen ýüzündäki bagtyýar ýylgyryşy sazlaşyp, diňleýjileriň ruhuna ruh goşýar.

 

   Biz hem Zylyhanyň özboluşly döredijilik dünýäsi, onuň aýdym-saz sungatyna gelşi dogrusynda söhbetdeş bolmagy makul bildik:

 — Zylyha, sungata bolan söýgi adatça çagalykda döreýär. Ilkinji aýdymam köplenç mekdep döwründe aýdylýar we ýadyňda ömürlik galýar. Siziň ilkinji gezek ýerine ýetiren aýdymyňyz?

 — Ilkinji aýdymymy men 6-njy synpda okaýarkam, mekdebimizde geçirilen bäsleşikde aýdypdym. Şonda ýerine ýetiren «Çalsana bagşy!» atly aýdyma şu mahallaram hiňlensem, biygtyýar mekdep ýyllarym ýadyma düşýär. Bu aýdym meniň dünýämde mekdep ýyllary bilen birlikde, sungat ýolumyň gözbaşy hökmünde orun alypdyr. Ilkinji aýdymy ýerine ýetirenimdäki tolgunyşym, muňa garamazdan mugallymlarymyň berekellamy ýetirmegi şu günki ýaly ýadymda.

 — Çagakaň sahnada çykyş edeniňde tolgunmagyň sebäbi aljyramak  bolýar. Sungat ymykly ykbalyňa öwrülensoň tolgunmaklyga nähili  garaýaňyz!         

 — Tolgunmasaň sahnany duýup bolmaýar. Çagakaň tolgunaňda özüňe bolan ynamyň pesliginden bolýar. Häzirki çykyşlarda tolgunmak welin ýakymly duýgy.

   — Nämeden ylham alýaňyz!

 — Esasan, söhbetdeşlikden. Garşymdaky adam bilen söhbetdeşlik açmak maňa kyn düşenok. Hasam uly ýaşly adamlar bilen söhbetdeş bolanymda ylham alýaryn.

   — Meşhur bolmak nähili duýgy?

 — Üýtgeşik hem-de jogapkärçiligi talap edýär.

— Size meşhurlyk getiren aýdym?

 — «Şykga-şykga bilezik» atly aýdymym diňleýjileriň söýgüsine mynasyp bolup, şowlulyk getirdi.

  — Aýdymyň şowly çykmagynda sözüň hem sazyň özboluşly sazlaşygy gerek. Siz haýsy şahyrlar, kompozitorlar bilen işleşýärsiňiz!

  — Elbetde, aýdymçynyň hoş owazynyň ýüreklere ýol salmagynda şahyryň, kompozitoryň tagallasy uly. Ýürekden çykan söz ýürege ýetýär diýilýär. Şahyrlaryň ylhamyndan döreýän ajaýyp setirleriň kalbyňdan çykýan owazlar bilen sazlaşmagyndan halkyň söýgüsine mynasyp bolýan özboluşly aýdymlar döreýär.  Aýdymlarymyň aglabasynyň sözleri Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyňky. Şeýle-de, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň, şahyrlar Kakamyrat Rejebowyň, Gülşirin Hanowanyň, Aýjemal Gaýlyýewanyň goşgularyna aýdymlary işleýärin. Ýerine ýetirýän aýdymlarymyň sazlaryny bolsa, kompozitorlar Begenç Hojaýew, Omar Igamow, Begenç Saparlyýew işleýär.

  — Aýdymlaryňyzyň ilkinji diňleýjisi kim?

 — Ýanýoldaşym Durmuş. Ol sazanda bolansoň, aýdymlarymyň şowly çykmagynda hem ýakyn maslahatçym.

 — Ýanýoldaşyňyz bilen ykbalyňyzy sungat ýoly birleşdiren bolsa gerek!

 — Elbetde, biziň ilkinji tanyşlygymyza hem bir ýerde zähmet çekmegimiz sebäp bolupdy. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Serpaý» döredijilik toparynda zähmet çekýärkäm ýanýoldaşym Durmuş bilen tanyşdym. Soňra 2006-njy ýylda bize bir ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak miýesser etdi. Ýanýoldaşym ikimizem 21-nji fewralda doglan. Garaz, ykbal bizi bagtly günlerimiziň köpüsinde ýoldaş etdi.

  — Maşgalaňyzda çagalaryňyzyň sungata bolan höwesi nähili?

— Çagalarym sungaty söýýär. Uly gyzym Hatyja Maýa Kulyýewa adyndaky

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda okaýar. Skripka çalýar. Kiçi gyzym Melek 5 ýaşynda. Ol hem kiçiligine garamazdan, aýdym aýtmaga gaty höwesli. Oglum Kerem 6 ýaşynda. Sport bilen meşgullanýar. Kerem ýurdumyzda geçirilen boks boýunça ýaryşa 20 kg agram derejesinde gatnaşyp, 2-nji orny eýeledi.

 

Suwa Beýiklikden bökmegi halaýaryn

 

 — Özüňiz sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullanýarsyňyz?

   — Suwda ýüzmek sportyny gowy görýärin. Boş wagtlarymda Aşgabadyň suw sport toplumyna gatnaýaryn. Esasanam, suwa beýiklikden bökmegi halaýaryn.

  — Işiňizden daşgary tikinçilik öýüniň işini ýola goýduňyz. Bilşimiz ýaly, «Zynat» tikinçilik öýüniň täze biçüwdäki milli we döwrebap egin-eşiklerine halkymyz uly isleg bildirýär. Bu siziň tikinçilik kärine söýgüňiziň miwesidir.    

  — Hawa, men 6-njy synpdan bäri el işleri, köýnek tikmek, haly dokamak bilen meşgullanýaryn. Ökde tikinçi bolmak çagalykdan arzuwymdy. Ynha, bu günki günde şol arzuwym hasyl boldy. «Zynat» tikinçilik öýüniň halkymyza edýän hyzmatynyň köpleriň göwnünden turýandygyna begenýärin.

  — Zylyha, siz internet sahypalarynyň haýsysy bilen gyzyklanýarsyňyz?

 — Men instagram sahypasyna has köp girýärin. Boş wagt tapsam, diňleýjileriň düşündirişlerini okaýaryn.

 — Bilşimiz ýaly, size 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, 2016-njy ýylda «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijisi, 2017-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolmak miýesser etdi. Iň bagtly pursatlaryňyzda nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?

 — Begenjimden ýaňa tolgundym, şol bir wagtyň özünde-de, uly jogapkärçilik duýdum. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak uly bagt.

 — Siz aýdym aýtmakdan daşgary «Türkmen owazy» teleýaýlymynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli surata düşürilýän kinofilmleriň birnäçesine gatnaşdyňyz. Kinofilme surata düşmek bilen aýdym aýtmagyň tapawudyny nähili gördüňiz?

  — Gaty tapawudy köp. Sebäbi kinofilm bir surata düşürilensoň, ondaky hereketleriňi, sözleriňi üýtgedip bolmaýar, emma aýdym aýdym aýdyp sahna çykanyňda indiki sapar mümkinçilik bolýar.

  — Eger-de size kinofilmde surata düşmek bilen aýdym aýtmagyň birini saýla diýseler, haýsyny saýlardyňyz?

 — Kinofilme düşmegi. Sebäbi, meniň çagalykdan arzuwym, artist bolmakdy.

  — Geljekki arzuwyňyz?

 — Nesip bolsa, geljekde kynçylygy görüp, gowy durmuşa ýetýän zenanyň keşbini ýerine ýetirip, kinofilme surata düşmegi arzuw edinýärin.

 — Ýerine ýetirýän aýdymlaryňyzyň aglabasynyň sözleriniň Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyňkydygyny bellediňiz. Bu elbetde, halypa şahyryň saz ýaly akgynly şygyrlarynyň kalbyňyza ýakynlygyndandyr!

  — Elbetde, belent äheňli, sazlaşykly owazly aýdymyň döremegi üçin, esasy goşgy akgynly bolmaly. Halypa şahyryň şygyrlarynyň heňinde özboluşly sazlaşyk bar. Halypanyň sözlerine döreden «Arkadag», «Bedewler», «Ýagyş ýagýar», «Näme üçin?!», «Alyp git!», «Beýle meni söýer ýaly» atly aýdymlarym halkymyzyň söýgüsine mynasyp boldy. Bu aýdymlaryň köpüsi «Türkmen owazy» teleýaýlymynda şekile geçirildi. Ýakyn günlerde halypanyň sözlerine «Saçlary towlana-towlana» atly aýdymy halkymyza ýetirerin.

 — Şu günlerde işleýän aýdymlaryňyz dogrusynda aýdaýsaňyz!

 — Şahyrlar Kakamyrat Rejebowyň, Gülşirin Hanowanyň, Kerim Hallynyň, sözlerine täze aýdymlary işleýärin.

   — Öňüňizde goýýan maksadyňyz?

  — Nesip bolsa, geljekde-de halkymyzyň göwnünden turjak ajaýyp aýdymlary döredip, diňleýjilere ýetirmek.

 — Zylyha, täsirli söhbetdeşligiňiz üçin sag boluň! Biz size geljekde hem ajaýyp aýdymlaryňyz bilen diňleýjileri, aýdym-saz muşdaklaryny begendirip durmagyňyzy arzuw edýäris! Gurban baýramyňyz hem gutly bolsun!

  — Sag boluň! Bütin halkymyzyň hem gurban baýramy gutly bolsun. Gurban baýramy agzybirligiň, dostanalygyň, halallygyň baýramy. Bu milli baýram iň halaýan baýramlarymyň biri. Gurbanlykda birek-biregiňkä myhmançylyga barmagy, dürli tagamlary taýýarlamagy gowy görýärin.

Halkymyza, bagtyýar günleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň hemaýätkärliginde gurnalan ähli söhbetdeşliklerimizi okamak üçin :

Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen söhbetdeşlik

Türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti  Hakberdi Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow bilen söhbetdeşlik

ReŽissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeşlik 

Ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen söhbetdeşlik

Ýene-de okaň

Birol Güven: Türk dünyası ile ortak filmler üretme projemiz var

Uluslararası Korkut Ata Film Festivali Aşkabat’ta başladı

Irak, Türkmenistan ile diplomatik ilişkileri yoğunlaştırmayı ve daimi bir büyükelçi atamayı planlıyor

Türkmenistan ile Kırgızistan, Hazar Denizi üzerinden kargoya yönelik tercihli tarifeleri görüştü

BDT Yol İnşaatçıları Hükümetlerarası Konseyi’nin 48. toplantısı Aşkabat’ta yapılacak

Bakan: Türkmen gazının Azerbaycan topraklarından geçmesi mümkün