GENEL

Ýewropalylaryň 5,2 göterimi işini öýünden alyp barýar

Ýewropanyň “Eurostat” statistika edarasynyň maglumatyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň raýatlarynyň 5,2 göterimi işini öýünden alyp barýar. Statistika edarasy bu barada maglumatlary ýaýratdy.

Hasabat döwrüne görä, Ýewropa Bileleşiginiň düzümindäki 27 ýurduň arasynda öýünden işini alyp barýan raýatlaryň göterim gatnaşygynda Niderlandlar öňdeligi eýeleýär. Niderland Patyşalygynyň ilatynyň 14 göterimi işini öýünden amala aşyrýar. Bu ugurda ikinji orny 13,3 göterim bilen Finlýandiýa, üçünji orny 11 göterim bilen Lýuksemburg we dördünji orny 10 göterim bilen Awstriýa eýeledi.

Bu sanawda iň pes görkezijä eýe ýurt Bolgariýadyr. Bu ýurduň ilatynyň 0,3 göterimi işini öýünden alyp barýar.

Ýewropanyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlarynda bu görkeziji şeýle: Germaniýa 5 göterim, Fransiýa 6,6 göterim, Italiýa 3,6 göterim we Ispaniýa 4,3 göterim. Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykan Beýik Britaniýada bu görkeziji 4,4 göterime deňdir.

Umuman, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda işini öýünden alyp barmakda zenanlarda ortaça 5,5 göterime, erkeklerde bolsa 5 göterime deňdir.

Ýene-de okaň

Türkmen Halkının Milli Lideri: Tataristan ile İlişkilerimize Büyük Önem Veriyoruz

Türkmenistan Cumhurbaşkanı, Tataristan Lideri ile Görüştü

Türkmen Halkının Milli Lideri, BAE Başkan Yardımcısı ve Başbakan Yardımcısı ile Görüştü

Türkmenistan Cumhurbaşkanı, BAE Başkan Yardımcısı ve Başbakan Yardımcısı ile Görüştü

Türkmenistan, Nottingham Trent Üniversitesi ile işbirliğini geliştiriyor

Türkmenistan heyetinin Japonya ziyareti