GENEL

Wodorod ykdysadyýetli döwür golaýlaýar

Wodorod – Ýer ýüzüniň iň giňden ýaýran elementi bolup, arassa energiýa köpçülikleýin geçmek üçin umytlar bu elemente baglydyr.

Bilermenleriň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýylda wodorod tehnologiýasy Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýangyç sarp edişliginiň dörtden birini kanagatlandyrar. Ol 42 million awtoulagyň, 1,5 million ýük ulagynyň hem-de 25 million  awtobuslaryň energiýa zerurlygyny üpjün eder.

Şwesiýanyň Geteborg şäherindäki “Powercell Sweden” kompaniýasy wodorod ykdysadyýeti üçin iş alyp barýar we wodorody ulanmak bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini öndürmegi meýilleşdirýär.

Kompaniýanyň esaslandyryjy Per Ekdunge bu barada eden çykyşynda häzirki döwürde wodorodyň köp sanly energiýa meseleleriň çözülmegine ýardam edýändigini, munuň üçin bu ugurdaky işleri hem-de işläp  düzmeleri işjeňleşdirmegiň gerekdigini belledi. Ol wodorodly ýangyjyň daşky gurşawy goramak üçin möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Ýewropa Bileleşigi wodorodyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak üçin ony syýasy çözgütler we maýa goýumlar talap edýän 6 sany strategik ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.

Wodorod ykdysadyýeti adalgasy 1970-nji ýylda öňe sürüldi. Wodorod önümçiligi 2004-nji ýyldan bäri kem-kemden ulalyp barýan senagata öwrüldi. Koreýa Respublikasy wodorod barada kanun kabul edip, wodorodly ykdysadyýet bazaryna aralaşyp, wodorod bilen işleýän ulaglary öndürip başlady. Geçen ýylyň dowamynda  Koreýa Respublikasy wodorodly ulag bazarynyň 60 göterimini eýeledi. Bu ugurda Ýaponiýadan öňe geçip, birinjiligi eýeledi.

Wodorod himiki element bolup, himiki elementleriň periodik ulgamynda “H” belgi bilen kesgitlenip, Dmitriý Mendeleýewiň elementleriň tablisasyndaky iň ýeňil elementleriň biridir. Adaty temperaturada we basynçda wodorod reňksiz, yzsyz, tagamsyz hem-de çalt ýanýan elementdir. Wodorod Ýer şarynda iň köp tapylýan elementleriň biridir.

Ýene-de okaň

Bakan Bayraktar İstanbul Energy Forum’da Türkmenistan Devlet Bakanı Maksat Babayev ile görüştü

Türkmenistan’da dünyanın en büyük sahasında yeni doğalgaz akımı alındı

Fitch Ratings Türkmenistan’ın kredi notunu arttırdı

Türkmen gençler Çin ve Macaristan’a üniversite eğitimine gönderilecek

Aşkabat Türk İhraç Ürünleri Fuarı’na hazırlanıyor

Özbekistan Türkmenistan’da iyot üretimine yatırım yapacak