GENEL

Üstünlik hereketi talap edýär

Üstünlik- bu sözüň aňrysynda ençeme uly-uly çekilen zähmet, jepakeşlik, gaýduwsyzlyk ýatandyr. Ynsan ömrüniň her döwrüniň özüne mahsus kynçylyklary bolýar. Olaryň hiç birinde hem kynçylyksyz bagtyýar durmuşa ýetilmeýär. Çünki adam arzuw-maksatsyz ýaşap bilmeýär, oňa ýetmek üçin bolsa ol hökman belli bir kynçylyklary ýeňip geçmeli bolýar. Maksat näçe uly boldugyça, kynçylyklar hem şonçarak göwrümli bolýar. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň belleýşi ýaly:
…Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Şahyr diýseň mamla. Her bir bagtly, üstünlikli ýetilen sepgitleriň aňrysynda ençeme kynçylyklar, gije-gündiz diýmän çekilen argynsyz zähmet ýatandyr. Hiç wagt meniňki ugruna bolmady diýip, gyýylma hem gynanma. Özüňe bolan ynamyňy artdyr. Iň pes günüňde-de ruhubelent bolup ýaşamaly, hiç bir ýagdaýda hem ah çekip, biderek alada galmaly däl. “Müň gaýgy bir iş bitirmez” diýen pähimi ata-babalarymyz ýöne ýere döreden däldir. Seniň üçin Beýik Biribar iň gowusyny etjegine ynan, güýjüňe daýan. Ýalňyşmaýan ynsan, ýeňilmeýän pälwan ýokdur. Hemişe maksada okgunly bol, ýaltanma, ýaýdanma we ýan berme. Ynsan zähmet bilen taplanýar. Wagtyňy tygşytly ulanmaly, ugruna düşen halatynda ertir etmeli işleriňi şu gün etjek bolmaly. Wagtyň tygşytly ulanylmagy her bir işiň öz wagtynda amal edilmegi adam ömrüniň soňky tapgyrlaryna hemmetaraplaýyn oňyn täsir edýär, ähli arzuwly maksatlaryna ýetmäge mümkinçilik berýär. Biz köp meselede diňe maýdaja bähbidimizi araýandygymyz sebäpli, gelmeli uly bähbidimizi ýolundan sowýarys. Iň esasy möhüm zat bolsa, akylyňy ýerinde ulanmak gerekdir. Pursaty elden gidirme, ol adamyň gapysyny iki gezek kakmaz. Wagty geldimi saklanma. Çünki, tamdyra gyzanda ýap. Dogry, käbir kynçylykly ýollary özbaşdak çözmäge her ynsan her bir pursatda taýyn bolman biler. Şu ýagdaýda adam hökman ýakynlarynyň  ýa-da dost-ýarlarynyň ýardamyna, goldawyna, maslahatyna mätäçdir. Bir gol bilen düwün düwdürmez. Birleşen güýjüň öňünde hiç bir zat durup bilmez. Şowly menzile ýetmek üçin durmuşyndan nägileligiňi her ädimde ýüze çykaryp durmaly däl. Munuň özi netijesiz pişedir. Adam elmydama şükranalyk bilen ýagşy arzuwda ýaşamaly we maksadyna ýetmek üçin elmydama hereketde bolmaly. Asyl durmuşyň manysy ýaltanman  işlemekde we kynçylyklar bilen göreşmekdedir. Her kynçylyk içinde bir aňsatlyk saklaýar. Emma wagty gelýänçä sabyr etmek gerekdir. Belli Amerikan ýazyjysy Edgar Allen Po şeýle diýýär: “Dünýäniň her beýik üstünligi öňünçä bir hyýaldy. Iň beýik çynar hem öz wagtynda bir tohumdy. Iň uly guş bolsa entek bir ýumurtgada gizlenýärdi”. Elbetde, bu dogry zat. Ähli zat ilki has ownuklykdan başlanýar. Uly üstünlikli ýola düşmek üçin hem ilki kiçijik zatlardan başlamaly. Ýene-de bir zat özümiz islemesek, hiç kim biziň öz şahsy durmuşymyza täsir edip bilmez. Buýrulan işe ak ýürek bilen ýapyşyp, onuň gowy netije bilen tamamlanmagyny gazanmaly. Jogapkärçiligi üstüňe almany başarmaly. Her bir ynsan öz edýän hereketleri üçin täk özi jogap bermelidigine düşünmeli. Jemgyýetiň şahsyýete bildirýän esasy talaby hem onuň öz borçlaryny kemsiz ýerine ýetirmegidir, ýagny ahlagyň hem-de kanunyň kadalarynyň öňündäki jogapkärçiligini duýup ýaşamagydyr, özgeler (jemgyýet, döwlet, şahsyýet) üçin her gün peýdaly işleri berjaý etmekdir. Durmuşda her bir ýeňşiň, üstünligiň zähmetdedigine ynanyp, onda her bir islendik meselede paýhasa daýanyp, işi akyl bilen başlap, zehin bilen gutarmaly. Şu dünýä geleňsoň ukyp-başarnygyň bilen öz bardygyňy bildirmäge çalyşmaly.

Döwran GULLYÝEW, Mary welaýat Serhetabat etrap häkimliginiň Jemagat Hojalygy müdirliginiň pasportçysy, hukukçy.

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri