GENEL

Üstünlik hemişe-de ýanymyzda

Üstünlik näme? Köplenç oňa maddy we ruhy bähbit gazanmak diýip düşünýärler. Adamlar maksada ýetmek, ýeňiş gazanmak, beýlekilerden tapawutlanmak üçin şeýle bir jan edýär welin, durmuşlaryndaky esasy üstünligini görmeýärler — häzirki ýeten derejelerini. Köp kişi häzirki duran ýerini diňe badalga hökmünde görýär. Onuň ruhy şu wagt bilen ýaşasa-da, aňy geljekde, nobatdaky üstünliklerde. Elbetde, özüňi kämilleşdirmeli, emma şu wagtky ýagdaýyňy inkär edip däl-de, ondan peýdalanyp. Bu nähili amala aşyrylyp bilner — diňe elimizde bar zatlar bilen:

Düzgün-tertibi saklamak. Ahlakly adam ähli ýerde-de gereklidir, kadadan çykmaýan adamy üstünlik hiç wagt terk etmeýär. Mysal üçin, etmeli işleri wagtynda, kemçiliksiz ýerine ýetirýän işgär, talyp, okuwçy hemişe-de öwgüli sözlere ýa-da maddy sowgada eýe bolýar. Hem abraý gazanmak, hem sylaglanmak üstünlik dälmi eýsem?! Abraýly wezipelere-de abraýly adamlar teklip edilýär.

Durmuşyň ähli ugrunda düzgün-kada bar. Döwletiň kadalary, adamlar bilen gatnaşygyň kadalary, iýip-içmegiň kadalary, diniň kadalary, edaranyň kadalary, belli bir öýüň kadalary… sanawy uzaltsaň uzaldybermeli. Şol kadalara hormat goýmak hem adamy bir basgançak beýgeldýär. Adamlar bilen gatnaşykda mylakatlylygy elden berme. Hiç hili ýalňyş pikir ýokdur, hakykaty her kimiň öz görşi bardyr. Başgalarynyň pikirini puja çykarjak bolma, gaty ýalňyşýan bolsa maslahat ber, dogry ýoly salgy ber.

Öwrenmek. Daş-töweregi synla, adamlardan, tebigatdan ylham al. Kellä gelen pikirleri gözden salma. Diňe bir pikiriň tabynlygynda ýaşamak bilen hakykatyň gapysyny hiç wagt açyp bolmaýar. Adamlaryň bir zat baradaky aýdan köne garaýyşlary hemişe dogry bolup durmaýar. Ähli zada gatnaşyk döwrüne görä üýtgeýär. Hiçimiz orta asyrlardaky Gün Ýeriň daşyndan aýlanýar diýen pikiri goldamaýarys, sebäbi Ýer planetasynyň Günüň daşyndan aýlanýandygyny gowy bilýäris, emma öz döwründe ilkinji aýdanymyz esasy ylmy garaýyşdy. Ösmek üçin öwrenmeli bolýar. “Ylym Hytaýda bolsa-da öwreniň”, “Maňa bir zat öwredeniň ömürboýy guly bolaýyn” diýen jümlelere hadyslarda duş gelinýär. Öwrenmek üstünlige ýol açmak bilen çäklenmän, pikirlenişi ösdürýär, wagty boş geçirmekden halas edýär, işjeň hereketde bolmaga we saglygy berkitmäge ýardam edýär, öz-özüňe ynamyňy artdyrýar, döredijilige iterýär. Şeýle häsiýetli adamdan üstünlik hem sowlup geçmeýär.

Özüňi kämilleşdirmek. Üstünlige barýan ýol kämilligiň üstünden geçýär. Kämillik bolsa öwrenmezden mümkin däl. Kämil adam diýlende elinden kitaby düşürmeýän, birnäçe tapawutlanan diplomy bolan adam däl-de, öz kemçiligini bilýän, bilmeýän zatlaryny öwrenýän, ýalňyşmazlyga çalyşýan adam göz öňünde tutulýar. Kämil adam edýän we etjek işlerini pikirlenýär, seljerýär, öwrenýär. Öz pikiri bolmadyk adamyň durmuşda orny hem ýokdur. Ähli zady üýtgedip bolýar, egin-eşigiňi, ýaşaýan ýeriňi, durmuş ýörelgeleriňi, hatda dostlaryňy hem, emma akyl hiç wagt seni terk etmeýär. Ony çalşyp bolmaýar. Ony diňe ösdürip bolýar. Şeýdip bilýän adam bolsa kämil adamdyr.

Sabyrlylyk. Innowasiýalar asyrynda ýaşaýanlygymyz üçin eden işimiziň netijesini şol bada görmäge öwrenişipdiris. Bagt telefon ýaly derrew jogap berenok, oňa garaşmaly. Türkmenlerde “Arzan zadyň arzysy ýok” diýen söz bar. Üstünlik hem her ädimde duşýan bolsady, onuň hiç hili gadyry bolmazdy. Maksatlaryň hasyl bolýan nokadyna howlukman git. Eger birinji gezekde başa barmasa, täzeden synanyş. Eger alymlar ilkinji şowsuzlykda yza çekilen bolsalardy, häzirki wagta çenli açyşlaryň hiçisi hem bolmazdy.

Birbada işe başlama, ilki pikirlen, meýilnama düz. Şeýtmeseň işleriňde bulam-bujarlygyň döremegi mümkin. Ähli netijäni birden gazanmaga howlukma, öňüňde birinji maksady goý, şoňa ýeteniňden soň ikinji işiňe başla. Her edýän işiňi düzgünleşdir, näme edildi, näme edilmedi, özüňe hasabat ber.

Töwekgellik. Ädim ädilmese, ýol geçilmez. Öz gorkusyny ýeňip bilýän adam maksadyna ýetmegiň ýolunda uly ädim ädýär. Ýuriý Gagarin öz janyny orta atyp, kosmos giňişligine çykdy. Şonuň üçin hem onuň ady taryha girdi. Ýogsam onuň asmana göterilenden ýere gonýança nähili betbagtçylyklara duçar bolup biljekdigini göz öňüne getirmegiň özi hem gorkuly.

Iň ýönekeýje meselelerden gorkup, özüni ýitirýän adam egninde jogapkärçilik atly ýüki göterip bilmez. Her bir üstünligiň arkasynda uly jogapkärçilik dur ahyry. Meselem, başlyk saýlanmak — üstünlik, emma ol ýa-da beýleki edaranyň ykbaly seniň eliňde; söýýäniň bilen durmuş gurmak — üstünlik, emma onuň arkasynda maşgalanyň ykbaly, ýanýoldaşyň bagty, çagalaryň geljegi dur, baýrak almak — üstünlik, onuň hem arkasynda şol baýragyňa, derejäňe mynasyp ýaşamak jogapkärçiligi dur.

Şu gün bilen ýaşa. Ählimize mälim hakykat — düýn geçdi, ertiriň geljegi belli däl, diňe şu gün bar, diňe şu gün dowam edýär, diňe şu gün gaýtalanýar. Öňüňde etmeli iş barmy, ertir ederin diýme, düýn etdim diýme, ýogsam işiň näbelli wagt ölçeginiň içinde ýitip gider. Ertir hem şu gün bolar, şol ertire ýetip bilmersiň, işiňem bitmez.

Ýene-de bir zady unutma, seniň durmuşyň diňe seniň eliňde. Ony üýtgedip biljek öz netijeleriň, öz kararlaryň. Üstünlik meselesinde hem şeýle. Öz garaýşyň üstünlige ýeteniňi ýa-da ýetmäniňi kesgitleýär. Seniň maşgalaň, işiň, okuwyň, dostlaryň, ýakyn adamlaryň, abraýyň, çagalaryň, bilimiň — ählisi iň gymmatly üstünligiňdir. Olary inkär etmek — üstünlik gazanyp bolýanlygyny inkär etmek…

 

Dawut ASGAROW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri