GENEL

Üstünligiň ýollary

Köp kitap okamaly. Kitap adamyň bilimini, pikirleniş derejesini, dil baýlygyny ösdürýär. Sözlemleri kämil düzmekligi başarmaklyk, dile çeperlik ukybyňy ýokarlandyrýar. Adama köp okamaklyk, köp zatlar bilmeklik zerur, şeýle bolsa-da bilýän zatlaryny ýerlikli ulanmagy başarýan adam üstünliklere ýetýär. Bu gündelik iş bilen tejribe bilen bilelikde, tejribe arkaly öwrenilýän ýagdaý. Şonuň üçin hem her günde kem bolanda iki sahypa bolsa hem, kitap okamaklyk endigini özümizde ösdürmeklik gerek.

Öz öňümizde uly maksat goýmaly we şol maksadymyza tarap dyrjaşmagymyz zerur.Şu mowzukdaky seminarda mugallym okuwçysyndan “Ulalaňda kim bolasyň gelýär?” diýip soraýar.Okuwçy uçarman bolasym gelýär diýende, şonda mugallym “Näme üçin uçarmanlyk bilen çäklenýäň, maksatyňy has ýokary tut. Maksatyň awiasiýalyk kompaniýa gurmak bolsyn. Öz garamagyňda birnäçe uçarmanlar bolar, köp adamlara, öz watanyň ösmegine peýdaň deger.” diýýär. Edil şolar ýaly öz saýlan hünäriňde hem ýeterlik bilimli bolmaklyk zerurdyr, öz goýan maksadyňa,arzuwyňa degişli hemme zatlary oňat bilmeklik gerek.

Häzirki döwürde öz hünäriňde kämil, başarnykly hünärmen bolmaklyk aýratyn mesele. Şol ugurdaky iň gerekli adam bolmaklyga dyrjaşmak gerek. Siz hakynda “Muny diňe pylany başarýar” diýlip aýdylaýjak derejede bolmaklyk gerek. Töweregiňizdäki adamlaryň hem öz ugryndan kämil, başarnykly bolmaklary siz üçin hem gowy bolar.Bu hem okamak, öwrenmek, tejribe, zähmet bilen bolýan zatlar. Bir professor aspirantyna: “Hiç kime mümkinçilik berilmeýär, mümkinçilik alynýar. Sen bu ýerde meniň bir zatlar öwretmekligime garaşma, seniň öziň gelip menden sorap al” diýen ekeni. Ýagny hiç kim taýýar zady öňüňe äkelip goýmaýar, ol zatlary almagymyz üçin özümiz hereket etmeli. Özümize ýüklenen borjumyzy ýerine ýetirip bilmek, jogapkärçilikli bolmak, hem-de adamlar ýagşy gatnaşyk saklap bilmeklik örän zerur. Üstünlikli adamlarda köp görülýän häsiýet-adamlar bilen oňat gatnaşykda bolup bilmekleri hemem adamlary özlerine seretdirip bilmekleri. Telekeçilik ýolunda üstünlige ýeten adamlaryň hemmesinde diýen ýaly şu häsiýetler bar.

Dünýä belli “General elektrik” kompaniýasyna 20 ýyl ýolbaşçylyk eden, ony uly üstünlilere ýetiren Jek Uelçden işe adam kabul edeniňizde haýsy aýratynlyklaryna seredip kabul edýärsiňiz diýip soralypdyr. Şonda ol: “Men 4 häsiýetine seredýärin:

Birinjisi, gaýratlylyk, erklilik (Bil Geýtsde bir bölüm başlygyny wezipä bellän wagtynda onuň gaýratlylygyna seredýänini aýdypdyr. Onuň rezýumesi bilen diplomyna kän bir üns bermeýär ekeni).

Ikinjisi, şol gaýratlylyk, erklilik häsiýetleri başgalara geçirip bilýän, töweregindäkileri höweslendirip bilýän, güýç-kuwwat, höweslendirme berip bilýän bolmaklyk.

Üçünjisi, haýsy hem bolsa bir ugurda, bir zatda üstünligi.

Dördünjisi, ynanylan işini ýerine ýetirip bilmekligi. Bir meselede maňa geleňsizlikler däl-de çözgüt äkelip bilýän bolmaklygy zerur “ diýen ekeni.

Irginsiz, zähmetsöýer bolmaklyk gerek. ,,Adamlar näme diýer? “ diýen sözlere,  päsgelçiliklere, yza gaýtmalara, pikirlere aldanmaly däl.Tehnologiýada, ylymda uly üstünliklere ýeten köp adamlar şu pikirde galandyklary sebäpli üstünlige ýetipdirler.

Tomas Edison elektrik çyrasyny oýlap tapmaklyk üçin adamlaryň ,,Munyňdan hiç zat çykmaz’’ diýenlerine garamazdan 10000 gezek tejribe geçiripdir. Mark Zukerburg  feýsbuk taslamasyna başlan wagty, onuň ideýasynyň onçakly üstünlikli boljagyna hiç kim ynanmandyr.

Hiç haçan ,, boldy, indi bolarlaý “ ýa-da ,,boldy, gutardym “ diýmeklik dogry däl.Atalarymyz ,, Sallançakdan mazara çenli ylym öwreniň ! “ diýipdirler.Her günimiz, her gören-eşidenimiz, başdan geçiren ýagdaýlarymyz aslynda biz üçin sapak, tejribe. Utyşymyzda tejribe alşymyz ýaly, utulyşymyzdan-da tejribe, sapak almaly.Elmydama gözleg içinde bolmaly.Tejribedäki, ulanylyşdaky amallary oňat bilmeklik bilen bir hatarda daş-töweregimizdäki bolup geçýän özgerişlikleri hem ünsden düşürmeli däl. Jek Uelç direktorlardan başlap, ýönekeý işçilere çenli hemme işgärleriň işe degişli pikirlerini, tekliplerini, talaplaryny diňläp, şol arkaly kemçilikleri düzedip, hem-de işiň gidişini sazlamaklygy öz usuly edip goýandygyny we şol arkaly hem üstünliklere ýetendigini aýdypdyr.

Maşgala içindäki ýylylyk, maşgala bagty hem üstünligiň ilkinji ädimidir.Öz ýoldaşyň bilen oňat düşünişmeklik, bala-çagalaryňy hem, ünsden düşürmezlik gerekdir.Eger öýde agzybirlik,dynçlyk bolmasa, işde hem üstünlige ýetmek kyndyr.Dogry, adyl bolmaklyk gerek.Iş, girdeji- ýaşaýşyň guraly.Diňe peýda, girdeji diýip başga zatlary ýatdan çykarmaklyk dogry däl. Şu aýdylanlar üçin  maddy we ruhy gymmatlyklary sarp edýänlerden bolmazlyk gerekdir.Haýsy işde, nähili ýagdaýda bolsaňyz hem  köçede, iş ýeriňde näme iş ýerine ýetirseňiz hem üstünlige ýeterin diýen ýagşy niýet bilen ýöreseňiz, öziňize-de,maşgalaňyza-da,jemgyýete-de peýdaňyzyň degjegi hakykat.

Döwlet Bazarow, Mary welaýatynyň, Ýolöten etrabynyň 47-nji orta mekdebiniň mugallymy

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri